26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Gümrük Gullugyna Ýükleriň Örän Düýpli Barlanylmagyny Tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Gümrük Gullugyna Ýükleriň Örän Düýpli Barlanylmagyny Tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gümrük gullugyny guramaçylyk we işgärler bilen üpjün etmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygy derejesine eýe bolan ýurdumyzyň çäginden geçýän ýükleri örän düýpli barlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Prezident bu wezipäni Döwlet howpsuzlyk geňeşini harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji çärýeginde alyp baran işleriniň netijelerine bagyşlanan mejlisinde kesgitläp goýdy.

Hususan-da, döwlet Baştutany döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň barlag-geçiriş nokatlarynyň işgärleri üçin okuwlary we amaly dersleri yzygiderli geçmegiň hasabyna iş usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

«Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ulag geçelgelerini ösdürmek, Hazar we Gara deňiz sebitlerinde ulag aragatnaşygyny işjeňleşdirmek häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Bu ugurdaky başlangyçlar Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýewropanyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykýan ulag-kommunikasiýalaryny ösdürmeklige gönükdirilendir.

Hususan-da, ýükleriň demir ýol, awtomobil, howa we deňiz gatnawlary Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynda örän möhüm orun eýeleýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyza getirilýän senagat enjamlarynyň, awtotehnikalaryň, metal önümlerini we beýleki önümleriň sany artýar. Öz gezeginde, daşary ýurtlara iberilýän polipropilen, koks we beýleki nebit önümleriniň, himiýa we gurluşyk önümleriniň möçberi barha artýar.

Şeýle hem Türkmenistandan geçirilýän üstaşyr ýükleriň hem möçberi barha artýar.

Degişli makalalar

Tamdyr Salmak

Paýtagtymyzda Köpgatly Awtoulag Duralgalary Gurulýar

Seýdiniň Nebti Gaýtadan Işleýän Zawody Ýyllyk Tabşyrygy Artygy Bilen Ýerine Ýetirdi

turkmenhabargullugy