20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Wolgogradda Türkmen Ýaşlaryndan Foklor Topary we Futbol Topary Döredildi

3-nji martda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldamagynda Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetinde (WDSMU) RF-iň şu sebitiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda «Mekan» futbol topary we «Bitaraplyk» folklor topary döredildi.

Şu waka gabatlanyp «Mekan» we WDSMU-nyň ýygyndy toparlarynyň dostluk duşuşygy geçirildi, şeýle hem «Bitaraplyk» folklor toparynyň çykyşy boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Konsullygy Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetinde we Wolgograd döwlet tehniki uniwersitetinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» temasyndan leksiýa gurady.

Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory Aleksandr Korotkow we Wolgograd döwlet tehniki uniwersitetinde rektory Aleksandr Nawroskiý türkmen-russiýa ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek jähtinden şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

Russiýa tarapy Russiýa Federasiýasynda bilim alýan türkmen talyplaryna berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny ugratdy.

Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory, Wolgograd oblastynyň rektorlar Geňeşiniň başlygy Aleksandr Korotkow bu başlangyçlaryň ynsanperwer ulgamda türkmen-russiýa gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi we türkmen ýaşlaryndan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamagy dowam etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlgy işjeňleşdirmäge isleg bildirýändigini aýtdy.

Degişli makalalar

TOPH Owganystana Energiýa Ýetmezçiligini Aradan Aýyrmaga Ýardam Eder we Senagatymyzy Dikelder

Türkmenistanda Ýangyndan Hökmany Döwlet Ätiýaçlandyrmasy Girizilýär

syrach

GDA-nyň Synçylar Toparynyň Ştaby Habar Neşir Etdi