21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Zenanlara Niýetlenen Bahar Gülleri

Nurly Meýdan gülçülik hojalygynyň nahalhanasynda ýokary hilli bägülleriň müňlerçesi gunçalap otyr. Baharyň ilkinji günleri ýüz müňden gowrak gül ýygmak göz öüňnde tutulýar. Halkara zenanlar gününe niýetlenen baýramçylyk desseleri Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän ekskluziw sortly güllerden düzüler.

Fransiýada ýetişdirilýän ýumşak gülgüne, süýt reňk we sary garyşyk Fiesta, näzik Avalanche, uzak saklanýan Penny Lane, gülçüleriň halany Dolce Vita, ak-gülgüne Jumilia, ýürekleri eýeleýän Red Naomi … ýaly görnüşleri baýrama bezeg bererler.

Bägüliň eşýle ekskluziw sortlarynyň bir özündenem, ýa-da beýleki güller bilen garyşdyrybam desse ýasap bolýar, telekeçiler olary daşary ýurtlaryň gülçülik hojalyklaryndan getirerler. Nurly Meýdan daýhan hojalygy gözellerimzi çigildem, liliýa, hrizantema desseleri bilen begendirerler. Baýramçylyga gabatlap gül bazarlaryna daşary ýurtlaryň esasy öndürijilerinden alnan 200 müňe golaý gül getiriler.

Geçen ýyl ýyladyşhana hojalygynda ýokary sortly bägülleriň 600 müňe golaýy ýetişdirildi. Häzirki wagtda 11 müň inedördül meýdanda ýene bir ýyladyşhana gurulýar. Golland bägüllerini ýetişdirmäge niýetlenen gülçülik meýdany awtomatik düzgünde işleýän döwrebap ulgamlar – ýyladyşhanany sowadyjy, ekinleri iýmitlendiriji erginelri taýýarlaýan we berýän, şeýle hem kadaly howa we çyglylyk düzgünlerini saklaýan enjamlar bilen üpjün ediler. Eýýäm şu ýylyň maý aýynda täze nahalhanadan «güller melikesiniň» ilkinji desseleri alnar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylaryna we Işgärlerine

syrach

Dünýäniň Absolýut Çempiony Konstantin Szýu Boks Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň Hormatly Myhmany

Uhanda Türkmenistan we Hytaý Hyzmatdaşlygyna Bagyşlanan Forum Geçirildi