26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Futbolçysyna Taý Tapylmadyk Möwsüm

Durmuşda hemişe ýatlap ýörýän pursatlaryň bolýar. Olar anyk bir adamyň ýa bir maşgalanyň çäginde bolsa, şol gerimde ýatlanylýar. Eger onuň gerimi giňese, şol wakanyň gözli şaýatlarynyň hatary hem uzamak bilen bolýar. Ýurt möçberli, dünýä derejeli pursatlar bolsa hakydylarda uzak ýyllar ýaşaýar. Häzir senenamamyz 2020-nji ýyly görkezýär. Men bolsa geçen asyryň 90-njy ýyllaryna gaýybana syýahat edýärin…

Aşgabadyň «Köpetdagy» 1991-nji ýylda ozalky soýuzyň 1-nji ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. 1-nji we 2-nji ligalaryň arasyndaky rus dilinde «Буферная зона» diýlip atlandyrylýan ligada Türkmenistanyň baýry topary «Köpetdag» oýnaýardy. Ildeşlerimiz Nahodkanyň «Okeany» hem-de Bişkegiň «Algasy» bilen dowam eden bäsleşikde üstün çykypdy. Bu bolsa täze möwsümde türkmen futbolçylarynyň 70-nji ýyllaryň ahyrynda terk etmeli bolan ýerine, ýagny I liga gaýdyp gelýändiklerini aňladýardy.

Şol möwsümde «Köpetdagyň» ezber hüjümçisi Röwşen Muhadow öz çykyş eden ligalarynda iň köp tapawutlanan futbolçysy bolupdy. Şol görkeziji bolsa ozalky soýuzyň hemme ligalarynda iň ýokary netije hökmünde hasaba alnypdy. Çünki ne ýokary liga, ne 1-nji, ne-de 2-nji ligada Röwşen Muhadowyň derejesinde netijeli çykyş eden oýunçy bolmandy. Şeýlelikde, 1991-nji ýylyň futbol möwsüminde türkmen futbolçysyna taý tapylmandy.

…Diwardan asylygy senenama XXI asyryň 20-nji ýylyny görkezýär. Men bolsa geçen asyryň 90-njy ýyllaryna eden gaýybana syýahatymyň henizem täsirinden çykyp bilemok. Dogrusy, şol wagtlar türkmen türgenleri üstünlik gazanman duranokdylar. Emma uly sepgitler hemişe eýelenibem barlanokdy. Bu günki gün Türkmenistan sözüň doly manysynda sport ýurduna öwrüldi. Şonuň üçin indi ýatdan çykmajak ýakymly wakalara häli-şindi şaýat bolýarys.

Şöhrat ÝOMUDOW,

Tejen şäheri

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

“Nebitçi” “Altyn Asyrdan”, “Şagadam” Bolsa “Energetikden Üstün Çykdylar

Parlament Agzalary Üçin COVID-19 Keseline Jogap Hereketlerine…

turkmenhabargullugy

Türkmen türgenleri dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar.

syrach