18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Ykdysadyýetimizi Sanlaşdyrmagyň Tapgyrlary: Elektron Töleg Ulgamy

Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Munuň özi pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň IT tehnologiýalary peýdalanmagyň, täze önümçiligiň düzümlerini döretmegiň ýoly bilen çözülmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda hemmetaraplaýyn sanlaşdyrmagyň çäklerinde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ýörite hyzmat ulgamlary döredilýär. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynda häzirki zaman enjamlary we täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilen degişli Hasabat merkezi döredildi.

Bu ýerde paýtagtymyz boýunça sarp edijileriň maglumatlary, salgylary, peýdalanylan elektrik energiýasynyň möçberi, tölegiň möhleti elektron görnüşinde jemlenýär. Ykjam telefon, töleg terminallary, internet üpjünçilik ulgamy arkaly töleg geçirmek mümkinçiligi döredi. Şeýle merkezleri şu ýylyň aýagyna çenli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açmak meýilleşdirilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyk gelýär.

Bu resminamada ýurdumyzyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we gurallary, şeýle hem garaşylýan netijeler öz beýanyny tapdy. Işewürligiň we maýa goýum işjeňliginiň ösdürilmegine, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Birinji tapgyr 2019-njy ýyly öz içine alýar. Ikinji tapgyr 2020 — 2023-nji ýyllarda, üçünji tapgyr bolsa 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar.

Resminamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem telekeçiler düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zerur bolan ulgamlaýyn binýady döretmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Munuň özi internet ulgamynda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň halkara derejesine utgaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan mejlisinde belleýşi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak wajyp bolup durýar. Munuň özi dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, döwlet ösdügiçe, onuň durmuşynda maglumat tehnologiýalary möhüm orun eýeleýär diýip, milli Liderimiz belleýär hem-de sanly ulgamy ählumumy babatda okatmagyň we bu ugurdaky bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu ulgamy we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň we okuw merkezleriniň hünär kämilleşdiriş merkezlerinde bu ugurdan eýýäm degişli sapaklar geçilýär.

Döwlet edaralarynyň sanly ulgama geçmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli pudaklarda elektron görnüşli hyzmatlar ulgamyna geçilmegiň zerurdygyny belleýär. Bu işleri ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda internet ulgamynyň web-sahypalary taýýarlanylýar, olaryň bar bolanlary kämilleşdirilýär. Şeýle hem olarda hyzmatlary ýerine ýetirmek wezipeleri onlaýn görnüşinde amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň birnäçe düzümleri bütindünýä internet ulgamyna birikdirildi. Aýratyn-da, bu işde müşderilere sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini hödürleýän döwlet maliýe guramalary işjeňlik görkezýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzyň her bir raýaty internet-banking ulgamlarynda bellige alnyp bilinýär. Ol ykjam we beýleki telefonlaryň, IP telewideniýäniň, internetiň tölegini geçirmäge, alnan karz serişdelerini tölemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu hyzmatlar gije-gündiziň dowamynda 24 sagat ýola goýuldy.

Ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ösdürmek üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde bank edaralary tarapyndan milli töleg ulgamy arkaly internet-dükanlarynda harytlary satyn almaga mümkinçilik berýän ýörite binýatlar taýýarlanyldy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň telekeçileriniň döreden ulgamy arkaly dürli görnüşli harytlary sanlyja wagtyň içinde satyn almak mümkinçiligi emele geldi. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýörite saýtynyň üsti bilen awiapetekleri satyn almak mümkinçiligi döredi.

Ýurdumyzda täze ulgamy işjeň ornaşdyrmakda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hem häzirki wagtda işjeňlik görkezýär. Ol optiki belgileriň-QR kodlarynyň kömegi arkaly töleg ulgamyny taýýarlady. Şeýlelikde, raýatlar ykjam telefonlar arkaly islendik harytlar we hyzmatlar üçin töleg geçirip bilýärler.

Şunuň ýaly kämil usul ykjam telefonlarynyň ähmiýetini artdyrdy. Ol bank amallary we tölegi bilen baglanyşykly beýleki işleri geçirmekde ýeňillikleri üpjün edýär. Bu ulgam häzirki döwürde Hytaý, Ýaponiýa, Hindistan ýaly Aziýa ýurtlarynda giňden ulanylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak we sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňe sürýän wezipeleri ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Olar iň häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrýarlar. Bu bolsa raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny şertlendirýär.

Birnäçe hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri, döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde dürli hyzmatlara tölegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ykjam tehnologiýalary döredýärler. Olaryň elýeterliligi, peýdalanmakdaky ýeňilligi şeýle programmalaryň artykmaç taraplarydyr. Ýurdumyzyň işewürleri daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini peýdalanyp, bazar gatnaşyklaryna döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrýarlar. Munuň özi bütin dünýäde giňden ýaýran we netijeliligi subut edilen ugurlardyr.

Aragatnaşyk pudagyny ösdürmek üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda netijeli çäreler geçirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrýar. Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz şäher hojalygynyň ähli ulgamyny kämilleşdirmek, işleriň awtomatlaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we şäheriň sanly ulgamynyň işjeňleşdirilmegine goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrýar.

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin işlenip taýýarlanylan sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ähli pudaklarynyň we döwlet dolandyryş edaralarynyň tehnologik taýdan utgaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik mümkinçilikleriniň esasynda ykdysady bilimiň kämilleşdirilmegini üpjün eder.

Milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze tapgyra geçmek döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amal boldy. Sanlaşdyrmak işleri, hususan-da, ýangyç-energetika we obasenagat toplumlarynda we beýleki pudaklarda has-da işjeň dowam edýär.

Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy, özara peýdaly söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi ýaly ugurlar ýurdumyzyň geljekki ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ylmy-tehniki ösüşiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň döremegi tutuş adamzat üçin möhüm meseleleriň ylalaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda ähmiýetlidir.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ähli döwlet maksatnamalaryny we iri ykdysady taslamalary, şeýle hem durmuş syýasatyny halkara derejesinde ösdürmekde sanly tehnologiýanyň ähmiýeti ýokarydyr. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda telelukmançylyk tehnologiýalarynyň, onlaýn-bilimiň we okatmagyň täze usullarynyň, elektron dolanyşygy gurallarynyň ösdürilmegini höweslendirmegiň zerurdygyny belleýär.

Hojalyk, önümçilik we dolandyryş işleriniň sanlaşdyrylmagy şäher gurşawynda ilatyň isleglerini doly we gysga wagtda kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem kompýuter, ylmy we maglumat tehnologiýalary goşmaça iş orunlaryny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlarda bolşy ýaly, sanly ykdysadyýet üçin işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmagynyň zerurdygyny belleýär.

Milli Liderimiz sanly we ykjam hyzmatlaryň ählumumy elýeterliligini üpjün etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezýär. Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerini sanlaşdyrmak işleri dowam edýär. Munuň özi durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň şerti bolup durýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň toplan tejribesi diňe bir milli derejede däl, eýsem, dünýä möçberinde ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri dünýäniň köp sanly ýurtlary we halkara bilermenleri tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar. Şunlukda, syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalaryň bilermenleri türkmen döwletiniň ýeten derejesini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly we häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk gelýän syýasatynyň anyk netijesidigini nygtaýarlar.

tdh

Degişli makalalar

Üns Beriň, Bäsleşik!

turkmenhabargullugy

Gowaça ekişi badalga aldy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy