21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýylyň parlak ýyldyzy.

paýtagtymyzdaky “Maslahat köşgünde” “Ýylyň parlak ýyldyzy-2013” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 
 
“Ýylyň parlak ýyldyzy”—bu diňe bir ýaş estrada ýerine ýetirijileriniň bäsleşigi bolman, eýsem, ýurdumyzyň saz medeniýetiniň geljegine özboluşly garaýyşdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan indi bäşinji gezek geçirilýän bu iri möçberli döredijilik çäresi ýyl geçdigiçe zehinli ýerine ýetirijileriň barha köp sanlysyny, şol sanda ýurdumyzyň iň çet künjeklerinden hem ukyply aýdymçylary öz çäklerine çekýär. 
 
Ýaş ýerine ýetirijileriň hünär ussatlygyny artdyrmagy höweslendirmäge we saz döredijiligini ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen bu bäsleşik türkmen estradasynyň ýyldyzlary döreýän aýdym-saz äleminde täze zehinleriň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Onuň deslapky tapgyrlary zehinli aýdymçylaryň ýüzlerçesini ýygnap, etrap, şäher hem-de welaýat derejelerinde başlanýar. Olaryň kimsi heniz diňe öz obadaşlarynyň arasynda çeper höwesjeňlik boýunça tanalýar, beýlekileri eýýäm uly sahnada çykyş etmegi başarýarlar, ýene birileri döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we beýlekilerdir. Olaryň arasyndan giň köpçüligiň ünsüne mynasyp bolan, ses aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, geljegi uly bolan dalaşgärler öňe saýlandy. 
 
 
 
Soňra netijeleri gönüden-göni tomaşaçylara bagly bolan tapgyr başlandy. Çünki bu bäsleşigiň esasy aýratynlygy onuň halkylygy, köpçüligiň hiç bir zada bagly bolmadyk pikirleri bolup durýar. Bu bolsa onuň hakyky demokratik ruhuny kesgitleýär. Ýaş ýerine ýetirijilere ýurdumyzyň giň köpçüliginiň öňünde—”Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda aýdym-sazly gepleşiklerde çykyş etmekleri üçin mümkinçilik döredildi. 
 
Şu döwrüň içinde teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler olaryň çykyşlary boýunça ýaş zehinleriň ukybyna baha berdiler hem-de SMS habarlary arkaly ol ýa-da beýleki ýerine ýetirijä öz seslerini berdiler. Ol ýa-da beýleki aýdymçynyň haýryna gelip gowşan habarlaryň möçberi tomaşaçylaryň söýgüsine has köp mynasyp bolýanlary, dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň kimleri ileri tutýandygyny örän aýdyň kesgitledi. Bu çäräniň özüne çekijiligi we oňa giň köpçüligiň çekilmegi jemleýji tapgyra meşhur saz görnüşiniň iň ajaýyp wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etdi—olaryň 10-sy jemleýji tapgyra çykdylar. Ýigitleriň 8-si we gyzlaryň 2-si özleriniň zehini, sesleri, aýdymlary bilen bäsleşijileriň ýüzlerçesiniň içinden diňleýjileriň ünsüni çekip bilmegi we olaryň ýatlarynda galmagy başardylar. 
 
Indi olar üçin iň jogapkärli tapgyr gelip ýetdi. Olar häzir özlerini goldan muşdaklarynyň umytlaryna mynasyp bolup, paýtagtymyzyň “Maslahat köşgüniň” belent zalynda baýramçylyk görnüşde bezelen sahnada, ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanynda talapkär köpçüligiň öňünde öz ähli ukyplaryny görkezmeli. Müň dürli öwüşginler bilen bezelen zala Türkmenistanyň meşhur medeniýet işgärleri—artistler, aýdymçylar, kompozitorlar, şahyrlar we sazandalar ýygnandylar. Olaryň arasynda şu bäsleşigiň ozalky ýyllardaky ýeňijileri hem bar. Bu agşam olaryň ählisi hem tomaşaçy, hem emin boldular. Olaryň her biriniň berjek sesi “Ýylyň parlak ýyldyzy—2013” bäsleşiginde ýeňiji diýip yglan ediljek üçin kesgitleýji bolup biler. 
 
Ýaryşyň şerti boýunça jemleýji tapgyrda bäsleşijler iki aýdym ýerine ýetirdiler. Olaryň biri ýerine ýetirijiniň hünär ussatlygyna we zehinine baha bermek, sesiniň güýjüni we owazlygyny kesgitlemek üçin sazsyz ýerine ýetirildi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik tapawutlaryny, köpçülik bilen gatnaşyga girip biliş ukyplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. 
 
Çykyşlaryň ikinji görnüşinde aýdymçylaryň ýerine ýetiriş ussatlygy aýry-aýrylykda ýüze çykdy. Olar halk aýdymyndaky gahrymanyň keşbine girip biliş ukyplaryny görkezdiler. Estrada çykyşynyň ilkinji görnüşinde hemmeler deň ýalydylar, hiç biri biri-birinden kem däl ýalydy. Bu hem geň däldir. Çünki jemleýji tapgyra sahnada çykyş etmegiň tejribesine eýýäm azda-kände eýe bolan ýaş ýerine ýetirijiler çykdylar. Şu ukyp hem olara ýaryşda kömek etdi. 
 
 
 
…Bäsleşige gatnaşyjylar sahna her gezek çykmagynyň öň ýanynda uly tolgundyryjy duýgulary başdan geçirdiler. Ýaş ýerine ýetirijiler halk köpçüligi bilen ýüzbe-ýüz bolmaklaryndan we olaryň ynamyny, tüýs ýürekden goldawlaryny duýmaklaryndan dag çeşmeleriniň derýanyň akymyna goşulyp ony baýlaşdyryşy ýaly, aýdym-saza goşulmak bilen özlerini has-da ynamly duýdular. Ýaş aýdymçylaryň hemmesi öz wezipelerini oňat ýerine ýetirdiler—öz sesleriniň mümkinçiligini aýdymyň many-mazmunyny açyp görkezdiler hem-de olaryň ruhubelent keşbinden bu bäsleşigi ýene dowam etmäge taýýardyklaryny görmek boldy. Şoňa görä-de, hökmany şertlere goşmaça ýene-de aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy. 
 
Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagat dowam etdi. Ol ýa beýleki aýdymçynyň çykyşyndan soň, meşhur artistler gönüden-göni öz pikirlerini aýtdylar we ýaş kärdeşlerine maslahatlaryny berdiler. Soňra tomaşaçylar belgili ýörite kartoçkalar arkaly ses berdiler. Sesler sanalýan pursaty sahnada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne dabaraly bagyşlanan “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň 2011-nji we 2012-nji ýyldaky ýeňijileri — häzirki wagtda türkmen teletomaşaçylarynyň we radio diňleýjileriniň arasynda giňden oňat tanalýan Atajan Berdiýew we Liliýa Çurçaga çykyş etdiler. 
 
Şeýlelikde, sesleriň sanalmagy tamamlandy we alyp baryjylar bäsleşigiň netijesini yglan edýärler. Bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji we “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna ýaş ýerine ýetiriji Annanyýaz Jepbarow eýe boldy. Ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Medeniýet öýüniň döredijilik düzümine wekilçilik edýär. 
 
Annanyýaz häzir özüniň artistlik işiniň diňe başyny başlady we bu bäsleşikdäki ýeňşi onuň uly üstünlikleriniň ilkinjileriniň biridir. Çagalygyndan halk sazynyň gözelligini we baýlygyny özüne çiňdirip, ol öz döredijiliginde ýerine ýetirijiligiň milli däplerini täze öwüşginler çaýmak bilen döwrebap owazlary sazlaşykly utgaşdyryp, häzirki döwre ýakynlaşmaga ymtylýar. 
 
Bagtly ýerine ýetirijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme kubogy we höweslendiriji sylag gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, birinji we ikinji orunlar göz öňünde tutuldy. Olara degişlilikde Ahmet Atajanow (Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby) we Nurýagdy Rejebow (Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby) mynasyp boldular. 
 
Ýaş artistlere milli türkmen saz sungatynyň ykrar edilen ussatlary döredijilik ösüşlerini, gözlegleri we üstünlikleri arzuw etdiler. Bu arzuwlar olar üçin berlen ak pata boldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik başarnyklaryny, ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin hemme mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny aýratyn bellediler. 
 

Nygtalyşy ýaly, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň geçirilmegi milli Liderimiziň zehinleri goldamaga we höweslendirmäge gönükdirilen köptaraplaýyn aladalarynyň we ünsüniň ýene-de bir ajaýyp şöhlelenmesidir. Ýurtda ajaýyp sungat köşkleri bina edilýär, döredijilik bäsleşikleri hem-de halkara sungat festiwallary geçirilýär, opera we simfonika sazlary täzeden döreýär… Biziň ajaýyp döwrümiz – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri – ylhamyň joşýan döredijilik we Watanymyzyň medeniýetiniň gülläp ösmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döwrüdir.

 

Degişli makalalar

Weteranlaryň Arasynda Küşt Çempionaty Geçirildi

syrach

ÝB Transhazar Gaz Geçirijisi Boýunça Gepleşikleri Geçirmäge Ykrarlydygyny Tassyklaýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach