05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputatlaryna şahadatnamalar gowşuryldy.

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň – Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň düzüminiň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri mälim boldy. Merkezi metbugatda saýlawlaryň barşynda saýlawçylaryň köpsanly sesini toplan deputatlaryň sanawy çap edildi. Milli parlamentiň täze deputatlary 125 adamdan ybarat boldy. Olara ýakyn bäş ýylda biziň döwletimiziň durmuşynyň hemme ugurlarynyň has-da üstünlikli ösmegi üçin kesgitleýji ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi ýaly jogapkärli wezipeleri çözmek garaşýar. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda milli parlamentiň saýlanan deputatlaryna şahadatnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap, olar ýurduň iň ýokary kanunçykaryjy edarasynda halkyň doly hukukly wekilleri bolup durýarlar. 

“Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslarynyň ykrar edilmegi, milli maksatnamalaryň ynsanperwer pikirleriniň we düzgünnamalarynyň iş ýüzünde amal edilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi – biziň alyp barýan syýasatymyzyň özenidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Milli Liderimiziň bu sözleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň jebislige we raýat garaýyşlarynyň kämillige gadam urandygyny beýan eden saýlaw möwsüminiň barşynda tassyk boldy. Açyklyk we aýanlyk, bäsdeşlik, hakyky demokratik ýagdaýynda Türkmenistanyň Mejlisine geçirilen saýlawlar halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerini gaýtadan dikeltmegiň ýolunda täze ädime öwrüldi. Bu däplere türkmenler özüniň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda ygrarly bolup geldiler. 

Mälim bolşy ýaly, saýlawlarda parlamentdäki 125 orna dalaşgärleriň 283-si bäsleşdi. Dalaşgärleri hödürlemek Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan amala aşyryldy. Saýlawyň öňýanyndaky möwsümiň barşynda dalaşgärleriň hemmesi deň mümkinçilikler bilen üpjün edildi, şol sanda olar üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerine erkin elýeterlilik guraldy. Saýlawyň öňýanyndaky işlere gatnaşyjylar tarapyndan örän uly guramaçylyk işleri geçirildi. Saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegi onuň netijeleri boldy. Şol saýlawlar öz raýatlyk borjuna hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmelere dahyllydyklaryna çuňňur düşünýändiklerini görkezen saýlawçylaryň ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. 

Umumymilli möwsümiň esasy wakalary 15-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga saýlawlar boldy. Şol gün saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ses bermek geçirildi. Oňa saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,33 göterimi, ýagny üç million töweregi adam gatnaşdy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň düzümine giren deputatlaryň ýokary bilim we hünär derejesini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik hereket edýän kanunçykaryjylyk edarasyna iň mynasyp dalaşgärleriň saýlanandygyny aňladýar. Saýlananlaryň hatarynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenleri bar. Halkyň saýlanlarynyň köpüsiniň ýaşynyň 31-den 50-ä çenli bolmagy bellärliklidir. Bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze ýaş güýçleriň gelýändiginden habar berýär. Bäşinji çagyrylyşyň deputatlaryna şeýle hem zenanlaryň 33-si wekilçilik edýär. Munuň özi deputatlaryň umumy sanynyň 26,40 göterimini düzüp, türkmen jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň ornunyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. 

Milli parlamente geçirilen saýlawlar barada aýtmak bilen, saýlaw möwsüminiň hemme tapgyrlaryna milli synçylaryň 2500 töwereginiň, şeýle hem halkara synçylarynyň 100-e golaýynyň gözegçiligi amala aşyrandygyny aýratyn bellemek gerek. 

Gözegçiligiň netijeleri ses berlişiende bolşy ýaly, onuň jemini jemlemegiň hem taýýarlygynyň we guramaçylygynyň ýokary derejesini görkezdi. Häzir Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň düzüminiň saýlawlarynyň halkara hukugynyň ähli talaplaryna jogap bolup durýan hereket edýän milli kanunçylygynyň esasynda we oňa berk laýyklykda geçirilendigini ynam bilen nygtamak bolar. Saýlaw möwsümine synçylaryň işjeň gatnaşmagy, bäsleşiklik, ses bermegiň we netijeleriň jemlenişiniň demokratik häsiýetliligi raýatlaryň erk-islegini beýan etmäge bolan hukugyny üpjün edip, Türkmenistanda demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyra öwrüldi.

Degişli makalalar

Atavatan Türkmenistan Halkara Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çykýar

syrach

Resul Gylyjowyň Ýolbaşçylygyndaky Simfoniki Orkestr we Tanymal Aýdymçy-Sazandalar Türkmen Kompozitorlarynyň Eserlerini Ýerine Ýetirdiler

turkmenhabargullugy

Wideoşekilli Maslahatda Welaýatlarda Alnyp Barylýan Oba Hojalyk Işleriniň Barşyna Hem-de Türkmen Bedewiniň Gününe Taýýarlyk Meselelerine Garaldy