19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Halkara Uniwersiteti Kremsiň Amaly Ylymlar Uniwersiteti Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Halkara Uniwersiteti Kremsiň Amaly Ylymlar Uniwersiteti Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

Kremsiň Amaly ylymlar uniwersitetiniň IMC wekilýeti sapar bilen Türkmenistanda boldy. 1994-nji ýylda döredilen uniwersitet Awstriýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biridir we talyplaryň 400-e golaýynyň gatnaşmagynda halkara maksatnamalarynyň sekizisine gatnaşýar. IMC (Internationales Management Center) „Menejment halkara merkezi“ diýmekdir. Hatarynda professor Haýns Boýer we işgärler Karl Ensfellner we Ýans Peter Ennen bolan wekilýetiň üç günlük maksatnamasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy, şeýle hem ýurdumyz we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk bilen tanyşlyk bardy.

Saparyň çäklerinde wekilýetiň agzalary Ynsanperwer ylymlary we ösüş halkara uniwersitetine baryp gördüler, bu ýerde ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, hususan-da YYweÖHU bilen Krems Uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada söhbetdeşlik boldy.

Akademiki alyşmak we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebine daşary ýurtly talyplary çekmek maksady bilen halkara deresinde ykrar etmek boýunça maksatnamalary taýýarlamak duşuşykda üns berlen esasy meseleleriň biri boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 14-nji martynda YYweÖHU bilen IMC Kremsiň Amaly ylymlar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi, onda özara alyşmalar we hyzmatdalyk, hususan-da talyplaryň tejribelerini daşary ýurtlarda geçmegi, hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerinde bir ýada birnäçe semestr okamagy, halkara ylmy taslamalara gatnaşmagy, şeýle hem Krems uniwersitetiniň esasy hünärmenleriniň mugalyymçylyk etmäge çagyrmak ýaly meseleller göz öňünde tutulýardy.

Wekilýetiň agzalary Syýahatçylyk boýunça döwlet komitetinde we V Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetinde boldular, Olimpiýa şäherçesi bilen tanyşdylar. Awstriýaly myhmanlar köpugurly sport klasteriniň binagärligine, tehniki gulluklaryň taýýarlygyna ýokary baha berdiler. „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagy daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrdy.


Miwegözel GELDIÝEWA,
YYweÖHU-nyň mugalymy

Degişli makalalar

Maryda Täze AÝGB Işläp Başlady

Prezidentimiz Hindistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

syrach

“Sanly çözgüt-2020” Atly Innowasion Taslamalaryň Bäsleşigi

turkmenhabargullugy