21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Ýurdumyzyň Döredijilik Işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Pul Baýraklaryna Mynasyp Boldy

Ýurdumyzyň Döredijilik Işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Pul Baýraklaryna Mynasyp Boldy

Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmekde, medeni mirasy wagyz etmekde, ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik ýörelgeliriniň ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlenilmegi we Milli bahar baýramy mynasybetli medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň 55-si Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy.

Döwlet Baştutany tarapyndan gol çekilen Kararda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Welaýatlarda, etraplarda we obalarda durmuş-medeni ähmiýetli, döwrebap binalar yzygiderli gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar.

Medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öwrenmage we dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilen uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Sylaglananlaryň arasynda Medeniýet ministrliginiň we onuň düzümleriniň işgärleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we döredijilik toparlarynyň wekilleri, ylmy işgärler, muzeýleriň işgärleri, halyçy gelin-gyzlar, döredijilik ugurly Ýokary okuw mekdepleriň talyplary, mekdepleriň mugallymlary we beýlekiler bar.

Her biri 3 500 manat möçberdäki pul baýraklary üçin serişdeler Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan bölünip berildi.

Degişli makalalar

Bahar Baýramy Mynasybetli Ýaryşlar

syrach

Ynsan elleriniň başarnyklary.

syrach

Olimpiýa Şäherjiginde V Aziýa Oýunlarynyň Jemleýji Ýaryşlary Geçirildi

turkmenhabargullugy