30.01.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ýurdumyzyň Naýbaşy Futzal Ligasyna Badalga Berildi

9-njy martda duşuşyklaryň dördüsi bilen ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi. Ýeri gelende bellesek, futzal ligasynyň 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçiriler.

Ilkinji gezek Naýbaşy futzal ligasy ady bilen geçirilýän ýurdumyzyň çempionatynyň toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Dört aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabatda, Türkmenbaşy şäherlerinde hem-de Daşoguz bilen Mary welaýatlarynda geçiriler. Futzal ligasynyň jemleýji tapgyry 10-njy oktýabrda geçiriler.

Birinji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

Oýun 1 “Köpetdag” “Olimp” 7:1
Oýun 2 “Deňizçi” “Serhetçi” 6:2
Oýun 3 “Daýhanbank” “Gümrükçi” 2:6
Oýun 4 “Senagatbank” “Migrasiýa” 5:0

 

10.03.2020 ý.                                      II-tapgyr 

Oýun 5 “Olimp” “Migrasiýa” 11:00
Oýun 6 “Serhetçi” “Daýhanbank” 13:00
Oýun 7 “Gümrükçi” “Senagatbank” 15:00
Oýun 8 “Köpetdag” “Deňizçi” 17:00

 

11.03.2020 ý.                                      III-tapgyr 

Oýun 9 “Deňizçi” “Olimp” 11:00
Oýun 10 “Senagatbank” “Serhetçi” 13:00
Oýun 11 “Migrasiýa” “Gümrükçi” 15:00
Oýun 12 “Daýhanbank” “Köpetdag” 17:00

Çeşme: http://tff.com.tm/

Türkmenistan Sport Futzal

Degişli makalalar

Täze Neşirde Kärhanalary we Guramalaryň Arhiw Resminamalarynyň Saklanyş Möhleti Kesgitlenilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Halkara Zähmet Guramasy Bilen Özarahereketleri Giňeltmegiň Mümkinçiliklerine Seredilip Geçildi

turkmenhabargullugy