19.8 C
Aşkabat
09.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY

Ýurdumyzyň Sebitlerinde Täze Binalaryň Açylyşy

Welaýatyň Kaka etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan döwrebap suw arassalaýjy toplumyň açylyş dabarasy boldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Garahan şäherçesinde umumybilim berýän mekdebiň düýbi tutuldy.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, milli parlamentiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şäherdir etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda döredijilik toparlary belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça suw serişdelerini aýawly saklamak, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşygynda tygşytlaýjy tehnologiýalary köpçülikleýin ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribeleri hem-de ylmyň soňky gazananlaryny peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Suw arassalaýjy desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde, täze suw sorujy beketleri, suw howdanlaryny gurmak, suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek, suw serişdeleriniň gorlaryny toplamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky Baş maksatnamanyň amala aşyrylmagyna Mejlisiň deputatlary mynasyp goşant goşýarlar. Olar öz üstlerine ýüklenen wezipelere jogapkärçilikli çemeleşip, saýlawçylaryň sargytlaryny amala aşyrýarlar.

Şu gün etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde suw arassalaýjy desgalar toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Ony «Mukaddes toprak» ýerli hususy kärhanasy bina etdi. Bu desga gije-gündiziň dowamynda ýokary hilli arassa agyz suwunyň 30 müň kub metrini öndürmäge niýetlenendir. Bu bolsa töwerekdäki obalaryň ilatynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe wajyp taslamalary durmuşa geçirýän kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olar durmuş ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna yzygiderli gatnaşýarlar. Hususy telekeçiligiň ýeten derejesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitlerini we abadançylygyny esasy ugur edinýän syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Telekeçileriň guran toplumynyň tehnologik görkezijileri suwuň birnäçe gezek arassalanylmagyny, saklanylmagyny, degişli süzgüçlerden geçirilmegini we zyýansyzlandyrylmagyny öz içine alýar. Bu desga onlarça döwrebap sorujy gurnawlar, süzgüçler, barlaghana we beýleki görnüşli enjamlar hem-de gurallar bilen üpjün edildi. Agyz suwy sarp edijilere ugradylmazdan öňürti arassalaýşyň ähli tapgyrlarynda we taýýarlyk işlerinde birnäçe gezek barlagdan geçirilýär hem-de kärhananyň barlaghanalarynyň netijelerine daýanylýar.

Şeýle hem etrabyň Garahan şäherçesinde 400 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Onuň gurluşygy «Owadan zemin» hususy kärhanasyna ynanyldy. Bu taslama hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek arkaly ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» ýörelgesine laýyklykda, ýurdumyzda täze çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri gurulýar. Olar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem ýaşlaryň daşary ýurt dillerini we sanly tehnologiýalary düýpli özleşdirmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Dabaralara gatnaşyjylar ösüp barýan ýaş nesil hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, bu dabaralar milli Liderimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Degişli makalalar

Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Duşuşygy

Özbegistan Şu Gün Täze Prezidentini Saýlaýar

syrach

Türkmengurluşyk 2013 Halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

syrach