27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Ýylyň Iň Gowy Mugallymy we Talyby Kesgitlenildi

Ýylyň Iň Gowy Mugallymy we Talyby Kesgitlenildi

Okuw ýylynyň ahyrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň howandarlygynda „Ýylyň talyby“ we „Ýylyň mugallymy“ atly döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşdylar.

Talyplar bäsleşigi olary gowy bilim almaga, şahsyýet hökmünde ösmäge we hünär taýdan kemala gelmäge höwes döretmegi maksat edinýär. Mugallymlaryň bäsleşigi bolsa bilim bermegiň täzeçil usullary bilen tanyşdyrmakdy. Olar tapgyrma-tapgyr hünär ussatlygyndan geçip, bu hormatly at ugrunda bäsleşýärler. Şunda talyplary ders olimpiadalaryna taýýarlaşy, ylmy işiň möhümligi, neşir eden işleri, açyk sapaklary göz öňünde tutulýar.

„2017-nji ýylyň mugallymy“ adyna Türkmenabat şäherindäki S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan pedagogika ylymlarynyň kandidaty Narhal Açylowa mynasyp boldy. Narhal Gurbanowna öz bilim alan ýeri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-nyň başlangyç mekdepler we mekdebe çenli edaralar kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýär.

„2017-nji ýylyň talyby“ diýen ada Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk-keselleriň öňüni alyş fakultetiniň dördünji ýyl talyby Agageldi Meredow mynasyp boldy. Ol Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde doglup, şol ýerde hem mekdebi tamamlady. Çagalykdan lukman bolmagy arzuwlan Agageldi indi lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň iň gowy talyplarynyň biri.

Agageldi açyl halkara internet-olimpiadalarynyň birnäçesiniň ýeňijisidir. Geçen ýyl ol Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragyna-da mynasyp boldy, suwda ýüzmek boýunça birinji orny eýeläp, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky uniwersidanyň hem ýeňijisi boldy. Zehinli we erjel talyp uniwersitedäki Meýletinler merkezine hem işjeň gatnaşýar.

„Ýylyň talyby“ bäsleşiginiň Baş baýragyny eýelän Agageldi döwlet we iňlis dillerini, ýokary okuw mekdebiniň dersleriniň birnäçesini gowy bilýänligi, maglumatlar tehnologiýasyndan gowy başy çykýanlygy we dörediilige ukyplylygy bilen tapawutlandy.

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dördünji ýyl talyby Nepesguly Amannepesow (birinji orun), Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Akmuhammet Ýusubow (ikinji ýer) we Türkmen döwlet maliýe institutynyň üçünji ýyl talyby Röwşen Döwranow (üçünji orun) dagy hem baýrakly orunlary eýelediler.


Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşürenler H.MAGADOW, M. BEKTASOW

Degişli makalalar

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Nebitgaz Senagaty we Geologiýa Işgärlerine

turkmenhabargullugy

Ýanwar Aýynda Täze Ýyl Dabaralaryndan Hem-de Ýaş Zehinleriň Bäsleşiklerinden Ybarat Wakalara Baý Bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi