15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

AFK-nyň täze ýaryşlary geçiriler.

Birleşen Aram Emirlikleriniň, Yragyň, Omanyň, Hindistanyň we Liwanyň ýygyndy toparlary Aziýa futbol konfederasiýasy tarapyndan ýaşlar toparlarynyň (22 ýaşa çenli) arasynda Aziýanyň Kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşlarda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri bolarlar. Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen bije atyşyklygyň jemleriniň netijesinde 41 ýurduň ýaşlar komandalary 7 topara bölünli.

Türkmenistanyň ýygyndysy öz bäsdeşleri bilen “A” toparyna girýär we öz duşuşyklaryny 2012-nji ýylyň 23-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda Omanda geçirer.

Beýleki saýlama toparlar şulardan ybaratdyr: “B” – Saud Arabystany, Siriýa, Päkistan, Palestina, Gyrgyz Respubilkasy, Şri-Lanka; “C” – Bahreýn, Eýran, Täjigistan, Katar, Kuweýt, Maldiwler; “D” – Özbegistan, Iordaniýa, Ýemen, Bangladeş, Nepal; “E” – Awstraliýa, Ýaponiýa, Indoneziýa, Singapur, Makao, Gundogar Timor; “F” – KHDR, Hytaý, Tailand, Gonkong, Laos, Kamboja; “G” – Koreýa Respublikasy, Wýetnam, Malaýziýa, Mýanma, Taýwan, Filippinler.

2012-nji ýylda Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky jemleýji bäsleşikler geçiriljek ýeri biraz soňrak mälim bolar. Oňa ýokarda görkezilen her topardan iň güýçli iki komanda şeýle hem toparda üçünji orunlary eýelän komandalaryň iň güýçli topary hem-de ýaryşy geçirýän ýurduň topary gatnaşmaga hukuk gazanar.

Eger-de, Aziýanyň Kubogyny almak ugrunda milli ýygyndy toparlaryň arasynda bäsleşikler dört ýyldan bir gezek geçirilýän bolsa, ondan tapawutlylykda ýaşlar toparlarynyň (22 ýaşa çenli) arasyndaky ýaryşlar iki ýyldan bir gezek geçiriler. 2015-nji ýylda geçiriljek ýaşlar toparlarynyň arasyndaky ikinji ýaryşlaryň jemleri boýunça 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro (Braziliýa) şäherinde geçiriljek futbol boýunça Olimpiada Aziýa yklymyndan gatnaşjak toparlar belli bolar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Kikboksçylary Helsinkidäki Ýaryşda 11 Medal Gazandylar

Ýakyn Wagtda V Aziýa Oýunlary Ýaryşlarynyň Petekleri Ýerlenip Başlanar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanly Türgenler Altynjy Güni 148 Medal Gazandy