16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Zenan bolmagyň ýokary mertebesi.

Biziň zenanlarymyzyň gazanan üstünlikleri Watanymyzyň we halkymyzyň gülläp ösmegine hyzmat edýär

Türkmen halky adamzat taryhynyň örän irki döwürlerden bäri ýaşaýşyň gözelligi hem-de gönezligi bolan gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen garaýar. Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar. Häzirki döwürde hem türkmen gelin-gyzlaryna dünýäde mertebesini ýokary derejelere göterýän iň ajaýyp, iň gözel, iň näzik ahlak sypatlary mahsusdyr. Gelin-gyzlarymyzyň mertebesi, sylag-hormaty elmydama beýik bolmagynda galar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mähirli hem-de parasatly sözleri täze giň möçberli durmuş taslamasynyň-“Ýylyň zenany” bäsleşigini geçirmegiň esasy many-mazmuny hökmünde seçilip alyndy.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň syýasy, durmuş, ykdysady we gumanitar ulgamlarda amala aşyrýan özgertmelerinde möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bu bäsleşigiň esasy guramaçysy we utgaşdyryjysy hökmünde çykyş edýär.

Bäsleşigiň maksady häzirki zaman jemgyýetinde zenanyň ornuny ýokarlandyrmakdan, onuň durmuş, döredijilik we hünär müňkinçiliklerini ösdürmekden, zenanlaryň maşgala ojagyny berkitmekde, nesillerimiziň sagdynlygyny goramakda, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşine goşýan saldamly goşandyny görkezmekden ybaratdyr.

Uzakmöhletleýin çäre hökmünde bu bäsleşik zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, Türkmenistanyň

gelin-gyzlarynyň başlangyçlarynyň goldanylmagyna, olaryň işde gazanýan üstünliklerine köpçüligiň ünsüni çekmäge ýardam etmelidir.

Şu ýyl işde uly üstünlik gazanan, özleriniň şahsy we hünär häsiýetleri bilen adamlaryň hormatyna mynasyp bolan, jemgyýetçilik işi bilen işjeň we netijeli meşgullanýan, eneligi we çagalygy, maşgalany, zenanlary goldamaga raýatlyk borjy hökmünde garaýan hem-de şol bir wagtyň özünde seçip alan hünärini özleşdirmekde belent sepgitlere ýeten, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge ýardam edýän zenanlary ýüze çykarmak we höweslendirmek bäsleşigiň esasy wezipeleridir.

Bäsleşikde zenanlaryň dürli ulgamlarda, çagalary terbiýelemekde gazanan ýokary netijelerine, şeýle hem olaryň milli durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge, obany we telekeçiligi ösdürmäge,

halkyň medeni mirasyny aýawly saklamaga we artdyrmaga, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary we gadymy senetleri dowam etdirmäge işjeň gatnaşyşyna baha berler.

Bäsleşige gatnaşyjylar alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda, “Ýokary guramaçylyk ukyby üçin”, “Çeper elli zenan”, “Jemgyýetçilik işinde tapawutlanandygy üçin”, “Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin”, “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň ösmegine goşan goşandy üçin”, “Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” we “Telekeçilikdäki üstünlikleri üçin” diýen ugurlar boýunça ýeňiji diýlip yglan ediler.

Şeýlelikde, besleşige kärhanalarda, edaralarda, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki guramalarda, jemgyýetçilik birleşiklerinde zähmet çekýän zenanlar gatnaşarlar. Olaryň iň mynasyplary zenanlar birleşiginiň welaýat we Aşgabat şäher bölümleri tarapyndan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna hödürlener.

Bäsleşige gatnaşyjynyň zähmet we durmuş ýoly, bagtly maşgalasy, ol ýa-da beýleki pudagyň ösüşine goşan goşandy, geljekde göz öňünde tutýan maksatlary barada gürrüň berýän ýazmaça tanyşdyryş çäresi, şeýle hem ýeňiji diýen ada dalaşgär baradaky uly bolmadyk wideo maglumatlar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykmagyň esasy şertidir. Dalaşgär zenanyň işdeşleri, joralary ýa-da obadaşlary tarapyndan bäsleşige iberilen seslenmeler hem onuň ýeňiş gazanmagynda möhüm orun eýeläp biler. Olaryň ählisi dalaşgäre bäsleşigiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk görmäge, mysal üçin, wideoşekili taýýarlamaga işjeň kömek edip biler.

Bäsleşigiň saýlama we jemleýji tapgyrlarynyň netijeleri boýunça emin agzalary “2012-nji ýylyň zenany” diýen ada mynasyp bolanlary kesgitlär. Ýeňijiler 2013-nji ýylyň mart aýynda, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda yglan ediler.

Has zehinli we üstünlikli zähmet çekýän türkmen zenanlaryny ýüze çykarmaga niýetlenen bu taslamanyň ýurdumyzyň hökümetiniň goldamagynda guralýandygyny we ýylyň örän ähmiýetli çäreleriniň maksatnamasyna girizilendigini bellemelidiris. Çünki bäsleşige gatnaşýan her bir zenanyň aňyrsynda belli bir durmuş pelsepesi, raýatlyk orny, parahatçylyk taglymaty we ýurdumyzyň geljegine bolan garaýşy durandyr. Sözüň doly manysynda, bu şahsyýetleriň bäsleşigi bolman, eýsem, jemgyýetde belent ýörelgeleri ilerletmek boýunça giň möçberli çäredir.

Häzirki zaman türkmen zenanynyň jemgyýetde eýeleýän belent orny, gürrüňsiz, türkmen jemgyýetinde asyrlaryň dowamynda kemala gelen demokratik esaslar bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň zenanlary häzirki wagtda ýokary hünärli, jogapkärli we aýgytly, talabediji we başarjaň ýolbaşçylardyr hem-de alymlardyr, mugallymlardyr we lukmanlardyr, deputatlardyr we diplomatlardyr. Şol bir wagtyň özünde olar mährem we mylakatly enelerdir. Aýal-gyzlaryň ruhy, intellektual we ahlak mümkinçilikleri durmuş meselelerini çözmekde, medeni däp-dessurlary aýawly saklamakda, sagdyn nesli terbiýelemekde has işjeň ulanylýar.

Bir söz bilen aýdylanda, häzir zenanlar ähli ulgamlarda üstünlikli zähmek çekip, özleriniň işjeňligini, başarjaňlygyny we guramaçylyk ukyplaryny ýüze çykarýarlar. Şunuň bilen birlikde, türkmen zenanlary özleriniň başarjaň öý hojalykçydygyny, ylymly-bilimlidigini we belent ruhy-ahlak däp-dessurlarynyň ruhunda terbiýelenendigini görkezýärler.

Zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegi, maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Türkmenistanda bu wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy we anyk işlerde durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzda mundan beýläk hem zenanlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň has gowulanmagy, zehinleriniň we ukyplarynyň has doly derejede amala aşmagy üçin ähli şertler dörediler. “Ýylyň zenany” bäsleşigi özüniň maksady babatda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhy bilen aýratyn sazlaşýar-onda döredijilik we zehin, hoşniýetli başlangyçlar, türkmen zenanlarynyň iň ajaýyp häsiýetleri jemlenendir.

Bu bäsleşik halkyň ruhy-ahlak taýdan ösmegine, ata Watanymyzyň rowaçlanmagyna, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna we elbetde, ýurdumyzyň

geljegi bolan mynasyp nesli terbiýelemäge saldamly goşant goşýan zenanlarymyzyň ählisine bagyşlanýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabatda, “Parahat-7” Ýaşaýyş Toplumynda Köpgatly Ýaşaýyş Jaýlarynyň 10-sy Açylyp Ulanmaga Berildi

Ankara Şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Medeni Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy

Paýtagtymyzyň Ulag Düzümi Ösdürilýär

syrach