15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

Prezidentimiz Pakistanyň daşary işler ministrini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri hanym Hina Rabbani Khary kabul etdi. Myhman Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.

Özara söhbetdeşlikde köp ugurly döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň mähirli salamyny hem-de bagt, ýagşylyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny ýetirdi. Hanym Hina Rabbani Khar şeýle hem hormatly Prezidentimizi döwlet Baştutanynyň wezipesine täzeden saýlanylmagy mynasybetli gutlap, milletiň Lideriniň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasaty Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkara abraýynyň artmagynyň özboluşly kepili bolup durýar diýip belledi.

Mähirli, hoşniýetli ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň daşary işler ministri döwletara hyzmatdaşlygynyň ençeme meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şol hyzmatdaşlyk taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda hil taýdan täze, özara bähbitlere gabat gelýän derejä çykdy.

Iki ýurduň öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, şeýle hem olaryň ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgamyny, ulag düzümleriniň ösdürilmegini we medeni-gumanitar aragatnaşyklaryny, şeýle hem beýleki birnäçe ugurlary görkezdiler. Şol ugurlarda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň giň geljegi açylýar.

Hususan-da, gürrüň türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana eksport etmek, Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm ulag çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça işleri durmuşa geçirmek, gurluşyk senagatynda we oba hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada barýar.

Iki ýurduň döwlete degişli düzümleri we işewür toparlary bilen birlikde, telekeçileriň hem-de söwda edaralarynyň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýän bilelikdäki işewürlik maslahatlary, sergiler, ýarmarkalar ýaly çäreler arkaly ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine has işjeň gatnaşmaga degişli meseleler hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Strategik ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklar, has takygy Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmagyň ägirt uly taslamasyny ilerletmek meselesi aýratyn ara alyp maslahatlaşyldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi umumy pikire görä, tutuş sebit üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar.

Türkmen-pakistan gatnaşyklaryny has depginli ösdürmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz Pakistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysyna bilelikdäki hökümetara toparyň şu günki mejlisiniň çäklerinde üstünlikli işlemegi arzuw edip, Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylaryň döwletara gatnaşyklaryny gyşarnyksyz berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi. Şol gatnaşyklar türkmen we pakistan halklaryny asyrlarboýy baglanyşdyrýan dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine daýanýar.

Duşuşyga Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tasadduk Hussain gatnaşdy.

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ STAMBUL ŞÄHERINDE BÜTİNDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

Kosowanyñ ilkinji zenan Prezidenti

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideomaslahat Görnüşinde Geçirilen Türki Dilli Geňeşiň Sammitine Gatnaşdy