18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

10-njy Tapgyryň Ilkinji Duşuşyklary Geçirildi

22-nji maýda ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 10-njy tapgyrynyň çäginde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat II” topary “Energetigiň” ýaşlar düzümini 6:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mary welaýatynda geçirilen duşuşykda “Ahal” toparynyň ýaşlar düzümi “Merw II” toparyny 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Balkanabadyň “Sport toplumy” stadionynda duşuşan “Nebitçi II” hem-de “Köpetdag II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 5:2 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Ýaşlar düzümleriniň arasyndaky ýurdumyzyň birinjiliginiň 10-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygy 23-nji maýda geçirilip, onda “Altyn Asyr II” hem-de “Şagadam II” toparlary duşuşarlar. “Aşgabat” köpugyrly stadionyna ýanaşyk meýdanda geçiriljek bu duşuşyk 16:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda geçiren duşuşyklarynyň hemmesini hem ýeňiş bilen tamamlan “Altyn Asyr II” topary (27 utuk) ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji orny 21 utugy bolan “Nebitçi II”, üçünji orny bolsa 18 utuk toplan “Köpetdag II” topary eýeleýärler.

Geçirilen duşuşygyklaryň netijeleri:

“Aşgabat II” – “Energetik II” – 6:0

Gollar: 17,54 Mergen Sapaşew, 25 Kerimgeldi Nursähedow, 43 Bagtyýar Hojanepesow, 47 Hojanazar Gurbanow, 79 Perman Bekmämmedow (“Aşgabat II”)

“Nebitçi II” – “Köpetdag II” – 5:2

Gollar: 3 Ýunus Meredow, 7 Baýramsähet Sapargylyjow, 19 Toýly Annagulyýew 11 m.j.u., 76 Arslan Saparow, 88 Remezan Arazgylyjow (“Nebitçi II”) – 9 Ýagşysähet Döwletgeldiýew, 25 Baýramhan Kadyrow (“Köpetdag II”)

“Merw II” – “Ahal II” – 2:3

Gollar: 28 Mekan Parahatow, 82 Mukam Nazzyýew (“Merw II”) – 51, 60 Daýanç Meredow, 80 Mergen Nurlyýew (“Ahal II”)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

«Türkmengaz» Gyýanlydaky Polimer Zawodyň Önümçiligini Diwersifikasiýalaşdyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we harby okuw merkezine bardy

syrach

Türkmenistanyň Wekiliýeti Mongoliýada Iş Saparynda Boldy

syrach