37.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Türkmen Senagaty Durmuş Tehnikalarynyň Çykarylmagyny Özleşdirýär: Ýurdumyzyň Tozan Sorujylary we Elektrik Demojaklary Peýda Bolar

Türkmen Senagaty Durmuş Tehnikalarynyň Çykarylmagyny Özleşdirýär: Ýurdumyzyň Tozan Sorujylary we Elektrik Demojaklary Peýda Bolar

Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Senagat ministrligi tarapyndan bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylýar.

Durmuş tehnikalarynyň dürli görnüşleriniň –gaz we elektrik ojaklarynyň, elektrik demojaklarynyň, elektrik gyzdyryjylaryň, tozan sorujylaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, “Hojalyk harytlary” atly hojalyk jemgyýeti döredildi.

“Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy täze bilelikdäki kärhananyň esaslandyryjysy bolup çykyş etdiler.

Içerki bazar üçin ýokary hilli elektrotehnika harytlarynyň öndürilmegi bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga mümkinçilik berer, ilaty uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün eder.

Degişli makalalar

Türkmen Halysy-Türkmeniň Kalby

syrach

Sustainable Transport On The Agenda For Global Conferance

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Figuralaýyn Typýan Türgenleri «Aziýanyň Çagalary» Oýunlaryna Şowly Girişdiler