34.9 C
Aşkabat
02.08.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýokary hilli tohumlar – bol hasylyň kepili.

Daşoguz welaýatynyň pagta arrasalaýjy kärhanalary gowaçanyň ortasüýmli görnüşiniň 16 müň tonnasyny öňümizdäki ekişe taýýarladylar. Daşoguz welaýatynda gowaça ekiljek ýer 140 müň gektar meýdany eýelär.

Etraplaryň toprak we howa ýagdaýlaryna laýyklykda gowaçanyň 5 sany görnüşi etraplaşdyryldy. Mysal üçin, Gubadag we Boldumsaz etraplarynda öň hem ekilýän we öz hasyllylygy we howa şertlerine laýyklygy bilen özüni tanadan , ýurdumyzyň seleksiýa ylmynyň döreden „Daşoguz-120“ ortasüýmli gowaçasy ekiler. S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde we S.A.Nyýazow etrabynyň daýhan birleşiklerinde, süýmüniň ýokary çykyşy, wilt keseline garşy durýan we başga-da gowy hil taraplary bolan, ýurdumyzyň seleksiýa ylmynyň döreden „Serdar“ görnüşiniň tohumlary ekiler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň Daşary Işler Ministrliginiň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk Geçirildi

syrach

Gyzgalaňly Hokkeý Döwri

Paýtagtymyzda “Ak Şäherim Aşgabat” Atly Halkara Sergi Öz Işini Tamamlady