24.9 C
Aşkabat
14.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň DIM-nde Beýik Britaniýanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde Beýik Britaniýanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk Geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda boýunça wekili, Parlamentiň agzasy Baronessa Emma Nikolson Uinterbornyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň gidişini bellediler hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekde güýçlendirmegiň zerurlygy bellenilip, britan tarapy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny agtarmaga ygrarlydygyny beýan etdi. Şeýle hem, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna esasy üns berildi.

Gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamy barada maslahatlaşylyp, taraplar bilim ulgamyndaky taslamalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler, şeýle hem Beýik Britaniýa Patyşalygynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli makalalar

Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyz Ösüş Ýyllarynda Gazananlaryna Ýokary Baha Berýär

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

syrach

Budapeştde Geçirilen Ýaryşda Türkmen Küştçileri Iki Altyn we Bir Kümüş Medaly Aldylar