25.5 C
Aşkabat
17.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugunyň Türgenleri Futzal Boýunça Ýeňiş Gazandylar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugunyň Türgenleri Futzal Boýunça Ýeňiş Gazandylar

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň 2017-nji ýylyň 11-16-njy aprel aralygynda  hukuk goraýjy we harby edaralaryň arasynda geçiren “Türkmenistan Ruhybelentligiň we sagdynlygyň ýurdy “ atly VIII sport ýaryşlarynda, sportyň fudzal  görnüşi boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa  gullugunyň türgenleri birinji ýeri eýelemegi başardylar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa  gullugunyň türgenleriniň bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi türkmen sportynyň ösýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu ýeňiş mynasybiýetli Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa  gullugunyň mejlisler zalynda ýeňiş gazanan türgenlere dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa  gullugunyň türgenleri geljekdede sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary derejeleri görkezjekdikleri barada we dürli ýaryşlara gatnaşmak üçin oňaýly şertleri döredýändiklerine minnetdarlyklaryny bildirip, munuň üçiň Hormatly Prezidentimize ak ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy GDA-nyň Baş Binasynda Sergi Gurnady

turkmenhabargullugy

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Duşuşyklar we Wideomaslahatlar Geçirildi