18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Ýewropa Bileleşiginiň Arasyndaky Gatnaşyklar Boýunça Maslahat Geçirildi

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Ýewropa Bileleşiginiň Arasyndaky Gatnaşyklar Boýunça Maslahat Geçirildi

Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar boýunça maslahat geçirildi. Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Ilçi Peter Burian tarapyndan, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy edarasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalypdyr.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň Daşary işler, Maliýe, Ykdysadyýet we ösüş, Adalat ministrlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Merkezi we Döwlet daşary ykdysady iş banklarynyň işgärleri, Strategiki meýilnamalaşdyryş we ösüş institutynyň hünärmenleri, käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň žurnalistleri we halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu maslahat Türkmenistanyň daşary syýasatda we ösüş meselelerinde Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda ileri tutýan ugurlaryna syýasy, howpsuzlyk we ykdysady meselelerine köp üns berdi. Maslahatyň barşynda hususy eýeçiligi ösdürmek, Adalatçynyň wezipesini döretmek, bilim meseleleri we oba hojalygynyň durnukly ösüşi ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň jemleri we netijeleri umumylaşdyrylyp ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin teklipleri taýýarlamaga we Ýewropa Bileleşiginiň sebiti ösdürmek boýunça orta möhletleýin ýardam meýilnamasyna hem-de ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyna öz mynasyp goşandyny goşar.

Çeşme: TDIM

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy.

syrach

Azerbaýjan bilen Pakistan harby hyzmatdaşlyk eder.

syrach