11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Türgenler 2 Esse Köp Altyn Medal Gazandy

Türkmen Türgenler 2 Esse Köp Altyn Medal Gazandy

Aziýa oýunlarynyň ilkinji gününde Türkmen türgenler beýleki altyn medal gazanan döwletleriň türgenleriniň ählisiniň jeminden 2 esse köp altyn medal gazandy. Takygy, 16 Sentýabr 2017 senesindäki oýunlaryň netijesi boýunça altyn medal gazanmak, Türkmenistanly türgenler bilen bir hatarda Özbegistanly, Taýlandly, Pakistanly, Owganistanly we Mongoliýaly türgenlere nesip etti. Türkmenistanly türgenler bugün 16 altyn medal gazanan bolsa, Özbegistanly, Taýlandly, Pakistanly, Owganistanly we Mongoliýaly türgenler jemi bilelikde 7 altyn medal gazandy. Şeýlelikde, Türkmenistanly türgenleriň gazanan altyn medallaryň jemi beýleki altyn medal gazanan ýurtlaryň jemi sanyndan 2 esseden hem köp boldy.

Çeşme: Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti “Areti” we “Cifal” Kompaniýalarynyň Ýolbaşçylaryny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

turkmenhabargullugy