01.12.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Garagumyň öri meýdanlarda täze guýular gurulýar.

Garagumyň öri meýdanlarda täze guýular gurulýar. Olaryň biri aprel aýynyň başynda Bagajada ulanmaga berildi. Sakar etrabynyň „Jeýhun“ maldarçylyk hojalygynyň buýurmasy esasynda ýene-de üç sany guýuda çuňlaşdyrma we arassalaýyş , içki we daşky gurluşyk işleri geçirildi. 

Emeli çeşmäniň ýanynda dwižok bilen işledilip, ýörite gurluş bilen doldurylýan 16 kub metr suwy saklamaklyk üçin betondan ýer hem guruldy. Goýunlarysuwa ýakmaly bolanda kilt açylyp, suwy 12 metrlik beton ternawa gönükdirdirilýär. Bu bolsa Garagumda altyn damja deňelýän suwuň bir damjasynyň hem zaýalanmasyzlygy üçin amatlydyr. 

Guýy gurujy hünäri diňe bir seýrek bolman, eýsem juda agyrdygyny bellemelidir. mň Sebäbi bu işi etjek tehnika ýok. Ähli işleri el bilen ýerine ýetirmeli bolýar. Dört adamdan bolan topar gezekleşip, onlarça metr çuňluga berk torba bilen guýa girýärler. 

Şu ýyl 20 sany guýy abatlanar. Bir guýy 4 müň gektar öri meýdanlaryna suw eltmäge ýardam berer.

Degişli makalalar

Saud Arabystanynyň taryhynda ilkinji gezek aýallar Şura Mejlisine agza boldy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Karimowa Gutlag Hatyny Iberdi

syrach

Prezidentimiziň Russiýanyň Prezidenti Bilen Duşuşygy

syrach