15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Er-Riýadda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Metbugat Maslahaty Geçirildi

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

Metbugat maslahata Patyşa Faýsal adyndaky yslamy öwreniş we ylmy-barlaglar merkeziň, Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň (ÇRIK) wekilleri, Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebit guramalaryň wekilleri, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, ýurtda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda, Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, Bitaraplyk derejesiniň halkara giňişliginde ýokary üstünliklere eýe bolandygyny aýratyn bellenildi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, “2020-nji ýyl – Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolup durýandygy barada bellenildi.

Gatnaşyjylaryň ünsi, 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynyň meselelerine çekildi.

Bu maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy ösüşe we abadançylyga gönükdirilen parahatçylykly we köpugurly daşary syýasatynyň aýdyň mysalydygy bellenilip geçildi.

Çeşme: neutrality.gov.tm

Degişli makalalar

8-nji Mart Halkara Aýal-Gyzlar Güni

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary DES-de Täze Taslamanyň Ekologiýa we Eksport Atykmaçlyklaryna Baha Berdi

Tahyr Ataýewiň Orkestri Rok Sazlaryny Ýerine Ýetirdi