17.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Köpetdagyň’” Ýaşlar Düzümi Çempionatdaky Bäşinji Ýeňşini Gazandy

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň sekizinji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy Maryda geçirilip, onda ýerli “Energetigiň” ýaşlar düzümi “Köpetdagy” kabul etdi.

Bu duşuşykda 4:0 hasabynda ýeňiş gazanan paýtagtymyzyň topary 15 utuk toplap, eýeleýän üçünji ornuny saklap galdy. “Köpetdagyň” çempionatdaky bäşinji ýeňşini gazanandygyny bellemek gerek.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryş tertibiniň ilkinji iki ornuny “Altyn Asyr II” (24 utuk) hem-de “Nebitçi II” (15 utuk) toparlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň birinjiliginiň 9-njy tapgyryna 17-nji maýda “Köpetdag II” – “Aşgabat II”, “Şagadam II” – “Nebitçi II”, “Energetik II” – “Merw II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen badalga berlip, 18-nji maýda “Ahal II” – “Altyn Asyr II” duşuşygy bilen tamamlanar.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Energetik II” – “Köpetdag II” – 4:0

Gollar: 26 Ilýasberdi Berenow 11 m.j.u., 45+1 Röwşen Begjanow, 55 Baýramhan Kadyrow, 65 Arzuw Allaberdiýew (“Köpetdag II”)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Halkara atçylyk sport toplumynyň açylyşy boldy.

syrach

Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet Günleri Tamamlandy

turkmenhabargullugy

Söwda we Infrastruktura Ösüşi Türkmen-Katar Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň Esasy Ugurlary Hökmünde Kesgitlenildi

turkmenhabargullugy