2.9 C
Aşkabat
16.12.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Dünýä Çempionaty 2022-niň Saýlama Tapgyrynyň Duşuşyklary Soňa Süýşürildi

FIFA-nyň ýolbaşçylary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň resmi wekilleri bilen geçiren maslahatyndan soň Dünýä çempionaty 2022-niň hem-de Aziýa çempionaty 2023-iň saýlama tapgyrlarynyň duşuşyklarynyň wagtlaryny soňa süýşürdi.Ýeri gelende bellesek, saýlama tapgyrlaryň duşuşyklary şu ýylyň 23-31-nji martda hem-de 1-9-njy iýunda geçirilmelidi.

Bu barada FIFA tarapyndan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna iberilen resmi hatda beýan edilýär.

Saýlama tapgyrçasynyň “H” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy häzirki wagta çenli geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplap, birinji orny eýeleýär. Şeýle-de, bu toparçada Koreýa Respublikasynyň, KHDR-iň, Liwanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylary çykyş edýärler. Milli ýygyndymyz indiki duşuşygyny 26-njy martda Koreýa Respublikasynyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirmelidi. 31-nji martda bolsa Liwanyň milli ýygyndysyny kabul etmeli ýygyndy toparymyz, iýun aýynda KHDR-iň milli ýygyndysy bilen myhmançylykda duşuşmalydy.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Türkmenistan Futbol Dünýä çempionaty täze sport habarlary

Degişli makalalar

“Aşgabat 2017” Oýunlaryna Futzal Boýunça Bije Atyldy

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Döwlet Baýdagynyň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Konserti Boldy

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwatyny Durmuşa Geçirmegiň Esasy Ugurlaryny Kesgitledi