24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ulag we Logistika Pudagynda Türkmenistan Bilen Gruziýanyň Arasynda Ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlygy Ösdürmek

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda telegepleşik geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmen logistika assosiasiýasynyň, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gruzin tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary A.Sagiraşwili we Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M. Murdjikneli gatnaşdylar.

Bu çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ulag ulgamy Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu özara hyzmatdaşlyk, taraplaryň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky garaýyşlarynyň gabat gelmeginde esaslanýar.

Şeýle hem hereket edýän we meýilleşdirilen ulag geçelgeleri, Ýewropanyň portlaryna ýükleri ibermegiň mümkinçilikleri, şu güne çenli edilen işler hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Türkmen Bilýardçylarynyň Ýygyndy Toparyny Aziada Ýernar Çimbaýew Taýýarlaýar

Prezidentimiz Germaniýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidentligine Dalaşgär, Türkmenhimiýa Döwlet Konserniniň Garabogazsulfat Önümçilik Birleşiginiň Baş Direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň MAKSATNAMASY

turkmenhabargullugy