01.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Harby Tilsimlere Uly Orun Berildi

Ýaňy-ýakynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň sport meýdançasynda dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä harby talyplar, harby okuwçylar we esgerler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Çärede sportuň dürli görnüşleriniň görkezme çykyşlaryna, harby tilsimlerine, welosipedli ýörişlere orun berildi. Umuman aýdanyňda, bu sport çäresi hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesinden ugur alnyp, harby gullukçylaryň saglygyny goramaga, her bir watan goragçysynyň döredijilik mümkinçiliginiň doly açylmagyna ýardam etmäge we sagdyn durmuş gurşawyny döretmäge, ynsan saglygyny berkitmäge gönükdirildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Muzeýinde Watan Goragçylarynyň Gününe Bagyşlanyp Sergi Açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti: Hazar – Hoşniýetli Goňçylygyň we Hyzmatdaşlygyň Deňzi

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasynda Syýasy Geňeşmeler Geçirildi

syrach