9.9 C
Aşkabat
15.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti Maý Aýynda «Açyk Gapylar» Gününi Geçirer

Türkmenistanyň nebit we gaz uniwersiteti maý aýynda 2020-nji ýylda şu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirmäge taýýarlyk görýär.

Şol günlerde myhmanlar pudaklaýyn ýokary okuw mekdebinde okuw işleriniň gurnalyşy, taýýarlygyň esasy ugurlary we hünärler barada jikme-jik maglumat alyp bilerler. Ýaşlar uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we medeni-köpçülikleýin işler, okamak, ýaşamak, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler, şeýle hem okuw otaglary, amaly sapaklar üçin barlaghanalar, maglumat-tehnologiýa merkezi we ýokary amatlykly umumy ýaşaýyş jaýy bilen tanyş bolarlar.

«Açyk gapylar» güni 7-8-nji maýda uniwersitetde we onuň Balkanabatdaky şahamçasynda geçiriler.

Bu günki gün Halkara nebit we gaz uniwersiteti XXI asyryň — ösüşiň we ýokary tehnologiýalaryň talabyna laýyklykda dünýäniň öňdebaryjy inženerçilik ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girmek ugrunda ösýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmek tagallalary netijesinde bu maksada ýetmek üçin zerur şertler döredildi. HNGU-nyň ygtyýarynda bolan tehniki we maglumat enjamlary okuw we terbiýeçilik işini ýokary derejede gurnamaga, netijeli ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýokary okuw mekdebinde geçilýän ähli dersler boýunça türkmen dilinde kitaplar çykaryldy, olaryň sanawy ykdysadyýetiň, nebitgaz pudagynyň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli doldurylyp durulýar.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

WECOOP “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa: Daşky Gurşaw we Howanyň Üýtgemegi” Taslamasynyň Sebitleýin Ýolbaşçylary Bilen Wideo Konferensiýa

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Nebitgaz Senagaty we Geologiýa Işgärlerine

turkmenhabargullugy

Ýokary Derejeli Çärede COVID-19 Ýokanç Keseliniň Ýaýraýan Döwründäki…