15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Wideo Aragatnaşyk Arkaly Maslahat Geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Stambuldaky Baş Konsullygynyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi hem-de Stambul şäherindäki Baş konsuly Myratgeldi Seýitmammedow, Türkiýäniň Strategiki düşünjeler institutynyň başlygy Muhammet Sawaş Kafkasýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula, Türkmen-Türk dostluk jemgyýetiniň başlygy, “Sahipkyran” Strategiki gözleg merkeziniň baş hünärmeni Jesurhan Taş hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Wideo aragatnaşyk maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin bellenilip geçildi hem-de gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideo ýazgylary görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi öňe sürmekde halkara gural bolup durýandygy barada belläp geçdiler, Bitaraplyk syýasatynyň syýasy, ykdysady we medeni jähtleri barada giňişleýin beýan etdiler.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmenistanda Mongoliýanyň ilçisi işe başlady.

syrach

Türkmenistan Fotosuratlary 4

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi