29.01.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Şaşka Boýunça Şahsy Birinjilik

Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleriniň arasynda sportuň şaşka görnüşi boýunça şahsy birinjilik geçirildi. Ýaryş Balkan welaýat polisiýa müdirligi, Türkmenistanyň Milli şaşka merkezi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan gurnaldy.

Ýaryşda erkekleriň arasynda Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri Rüstem Hallyýew I orna, Gurbanmyrat Saparow II orna, Nurmyrat Orazow III orna mynasyp boldular.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşyň netijesi boýunça I orny Annagül Hojaýewa, II orny Täjigül Halmämmedowa we III orny Baýramgül Geldiýewa eýelediler.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Hereketli Oýunlary Hemra Edinýäris

turkmenhabargullugy

Türkmen Dokmasy-2017 Sergisi Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

Döwlet Muzeýinde Ekerançylyk Däplerine Bagyşlanan Sergi Öz Işine Başlady