09.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, mirasy öwrenişi, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzy, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi mynasyp derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi.

Resminama bilen Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Lebap welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Degişli makalalar

Üstünlik Ynamdan Başlanýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi İstanbul’da Tanıtılacak

turkmenhabargullugy

Akwarel Suratlary Däp-Dessurlar Barada: Ýaşajyk Žiwopisçileriň Bäsleşigi

turkmenhabargullugy