18.3 C
Aşkabat
16.03.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistan Astanada Geçirljek “EXPO-2017” Bütindünýä Sergisine Gatnaşar

Türkmenistan Astanada Geçirljek “EXPO-2017” Bütindünýä Sergisine Gatnaşjak

Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew geljek ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabry aralagynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirljek “EXPO-2017” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ekspozisiýasyny gurnamak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

“Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda geçiriljek sergi iň möhüm meseleleriň birini – alternatiw energiýa çeşmeleriniň we “ýaşyl” tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny beýan eder.

Döwlet Baştutanymyz Astanada geçiriljek sergä Türkmenistanyň gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtap, “ýaşyl energetika” ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolmaga gönükdirilen öňde boljak iri gözden geçirilişe ýurdumyzyň giňişleýin ekspozisiýasyny iň ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Naýbaşy Futzal Ligasyna Badalga Berildi

HNGU-nyň Selektiw Pakerleri Nebit Guýularynyň Öndürijiligini Artdyrmaga Ýardam Eder

Watanymyz Üçin Ýokary Hünärli Harby Işgärler