18.04.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Putin Türkmenistan Bilen Hazarda Bilelikdäki Işleri Işjeňleşdirmegi Ylalaşandygyny Beýan Etdi

Putin Türkmenistan Bilen Hazarda Bilelikdäki Işleri Işjeňleşdirmegi Ylalaşandygyny Beýan Etdi

RF-iň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýakynda geçiren gepleşikleriniň dowamynda Hazar sebitinde bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanandyklaryny beýan etdi, diýip INTERFAKS habarlar agentligi habar berýär.

«Prezident Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow bilen geçen hepdede Soçide geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, Hazar sebitinde bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi şertleşdik» diýip, W.Putin Moskwada daşary ýurt ilçileriniň ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasynda aýtdy. Diýip habarlar agentligi ýazýar.

RF-iň Prezident şeýle hem Moskwanyň «Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň köpugurly gatnaşyklaryna» ýokary baha berýändigini nygtady, diýip INTERFAKS belleýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Himiýa Pudagyny Ösdürmek Ugrunda Hyzmatdaşlyk Etmek Boýunça Türkmen-Tatar Gepleşikleri Geçirildi

2017-nji Ýylyň 22-30-njy Aprelinde Aşgabat Olimpiýa Toplumynda “Inspiring Ashgabat” Atly Birnäçe Synag Çäreleri Geçiriler

Türkiýedäki Türkmen Talyplary Üçin Döredijilik Bäsleşigi: Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy