18.04.2026
DÜNÝÄ

Kerimow resmi sapar bilen Hindistana gider

Özbegistanyñ Prezidenti Yslam Kerimow maý aýynyñ 17-i bilen 19-y arasynda resmi sapar bilen Hindistana gider.

Saparyñ çäginde iki ýurduñ arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebiti ýakyndan gyzyklandyrýan Owganystan meselesi hakynda pikir alyşylar.

Mundan başgada taraplaryñ tebigy gaz bilen birlikde energetika meselesini gün tertibine getirmegine garaşylýar.

Özbegistanyñ gysgaça ady TAPY bolan Türkmenistanyñ, Owganystanyñ, Pakistanyñ we Hindistanyñ arasyndaky tebigy gaz turbo geçiriji liniýasyna goşulyp biljekdigi öñe sürülýär.

Özbek lideri Kerimowyñ Özbegistanyñ adyndan Hindistana Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agzalygy meselesinde goldaw sözüni bermegine garaşylýar.

Özbegistan bilen Hindistanyñ arasyndaky hyzmatdaşlyk barha pugtalanýar.

Saparyñ çäginde iki ýurduñ arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişiler. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Paýtagtly Okuwçylar Halkara Ylym Bäsleşiginde Baýraklara Mynasyp Boldular

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ STAMBUL ŞÄHERINDE BÜTİNDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

Aşgabat Aziada-2017 Oýunlaryna Wiza Almak Hakynda

turkmenhabargullugy