24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Aleksandr Blohin: Biz Bilelikdäki Tagallalar Bilen Russiýa-Türkmen Hyzmatdaşlygyna Täze Itergi Berip Bileris

Aleksandr Blohin: Biz Bilelikdäki Tagallalar Bilen Russiýa-Türkmen Hyzmatdaşlygyna Täze Itergi Berip Bileris

Şu ýyl ruussiýa-türkmen hyzmatdaşlygynda şanly senedir, ýagny Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýar. Onuň ähmiýeti baha bererden ulydyr. Hyzmatdaşlygyň häzirki derejesiniň öz strategik häsiýetine doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Biz ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda kemala gelen taryhy, doganlyk gatnaşyklara sarpa goýýarys. Biz ählumumy we sebit boýunça esasy meselelerde Russiýanyň we Türkmenistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny, daşary syýasat ulgamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga isleglerimiziň umumylygyny kanagatlanma bilen belleýäris.

Russiýa Federasiýasynyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi we onuň 20 ýyllygy baradaky ýörüte Rezolýusiýasynyň awtorlarynyň biri bolup çykyş etmeginiň özi hem nygtalmaga mynasypdyr. Biz Aşgabadyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýäris, onuň oňyn we döredijilikli daşary syýasatyny, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge meýillerini goldaýardyk we ýene goldarys. Häzirki wagtda Aşgabat möhüm halkara syýasat merkezi hökmünde kemala gelýär. Bu bolsa tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi biziň ýurtlarymyzyň baştutanlarynyň russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Soçi şäherine sapary ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklary mundan beýlägem berkitmegiň tarapdarydygyny ýene bir gezek subut etdi.

Biziň köp ugurly gatnaşyklarymyz barha berkeýär, diwersifikasiýalaşdyrylýar we ösdürilýär. Biziň bilelikdäki tagallalar bilen russiýa-türkmen hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge, onuň özboluşly, tükeniksiz mümkinçiligini doly ulanmaga mümkinçiligimiz bar.

Russiýa Türkmenistan bilen özara peýdaly, deň derejeli we oňyn döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini saklap galmaga çalyşýar. Häzirki wagtda ýurtda russiýaly firmalaryň 190-a golaýy maýa goýup, telekeçilik işini alyp barýar. Sebitara gatnaşyklar ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar. Astrahan oblasty,Tatarystan Respublikasy we Sankt-Peterburg bilengatnaşyklar has netijeli ösdürilýär.

Iktaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşylaryň-da ähmiýeti ulydyr. Medeniýetlerimiziň özara gatnaşyklarynyň guralynyň döredilmeginiň geljekde biziň halklarymyzyň birek-birege has gowy düşünişmegine ýardam etjekdigine we indiki nesillere binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Sözümiň ahyrynda pursatdan peýdalanyp,Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy, tutuş doganlyk türkmen halkyny ýurtlarymyz üçin şanly sene bilen gutlaýaryn we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň mundan beýlägem netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlyk, däp bolup galan dostluk we çyn ýürekden ynanayşmak ýörelgesinde ösdürilmegini arzuw edýärin.
Aleksandr BLOHIN,
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi

Degişli makalalar

Türkmen Elektrik Energiýasynyň Öndürilişi 6 Göterim Ýokarlanyp, Ekport Edilişi 4 Göterim Artdy

Agyr Atletika Boýunça Türkmenistanyň Birinjiligi Tamamlandy

Zenan Ýylgyrsa, Zemin Ýylgyrar

turkmenhabargullugy