21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Goňşokara baýramçylygy bellenildi.

ýurdumyzda her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde Türkmenistanda giňden bellenilýän Goňşokara baýramy mynasybetli medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. 

Türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrýan bu nurana baýram halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän gadymy däplerini aýawly saklaýandygyny we ony häzirki eýýamda döredijilikli ösdürýändigini äşgär edýär. 

Şu gün Goňşokara baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde geçirildi. Bu ýerdäki “Ak bugdaý” Milli muzeýiniň öňündäki meýdança baýramçylyk sahnasyna öwrüldi. Onda Aşgabat we Ahal welaýatynyň ilatynyň, hormatly ýaşulularyň, çagalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ýaşlaryň gatnaşmagynda Goňşokara baýramçylygyna bagyşlanan giň möçberli çäreler geçirildi. Oňa gatnaşyjylar “Hoş geldiňiz!” we “Hoş gördük!” diýip ýüzlenmek bilen birek-birege duz-çörek, milli tagamlar, süýji nygmatlar hödür etdiler. Ýörite gurnalan sahnada belli estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň, welaýatyň we paýtagtymyzyň folklor hem-de tans toparlarynyň gatnaşmagynda guralan aýdym-sazly çykyşlar umumymilli baýrama özboluşly öwüşgin çaýdy. 



Mähriban Watanymyzyň baý taryhy hem-de medeni mirasy, milli däp-dessurlar, gadymy ýörelgeler türkmen halkynyň aýratyn gadyr goýýan ugurlarydyr we ilimiziň buýsanjydyr. Hut şonuň üçinem Goňşokara baýramçylygy Türkmenistanda giň gerimde bellenilýär. Onda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän hoşniýetli ýörelgeleri, parahatçylyk söýüjilik esaslary öz beýanyny tapýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu nurana baýram özünde gadymy ýörelgeleri hem-de milli medeniýetiň gözelliklerini jemlemek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bitewüligiň we agzybirligiň baş nyşanyna öwrüldi. 



Il içinde bar bolan asylly däbe görä, adamlaryň öz goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary, olara goňşokara uzatmak däbiniň asyrlar aşyp dowam etmegi bu baýramçylygyň esasyny düzýär. Bu dessur birek-birege bolan hormaty, mähribanlygy, dostlugy, maddy we ruhy goldawy özünde jemleýän ynsan gatnaşyklarynyň köp asyrlyk däplerini äşgär edýär. Goňşokara däbi türkmen halkynyň ruhy kadasyna öwrülip, ol jemgyýetiiň bitewüliginiň ägirt uly mümkinçiliklerini aýan edýär. 

Türkmen durmuşynyň möhüm kadasy bolmak bilen, goňşokara däbi türkmen halknyň aňynda diňe bir goňşularyň arasynda birek-birege goldaw bermek ýörelgesi bilen çäklenmän, eýsem ol biziň pederlerimiziň goňşy döwletler, beýleki milletleriň wekilleri bilen parahatçylykda, ylalaşykda ýaşamaga bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ruhy gymmatlyklary häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Olar häzirkizaman türkmen jemgyýetine asylly ýörelgeleri äşgär etmek bilen häzirki döwre kybap gelýän gatnaşyklary öňe sürýär. 



Pederlerimiziň beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halky asylaryň dowamynda öz goňşulary bilen parahatçylykda we ylalaşykda ýaşapdyr. Munuň özi biziň halkymyzyň gadymy däplere hormat goýýandygynyň subutnamasydyr. Dostluk, doganlyk, birek-birege hormat goýmak ýörelegelerini özünde jemleýän gadymy dessurlar häzirki döwürde kämil esasda ösdürilýär we olar Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda aýdyň beýanyny tapýar. 

Biziň pederlerimiziň gadyr goýan hoşniýetli goşňuçylyk gatnaşyklary häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinde öz beýanyny tapdy. Ýurdumyz parahatçylyk dörediji merkez bolmak bilen, ähli goňşy döwletler bilen bolşy ýaly, dünýäniň ýurtlary bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeň tarapdary bolup durýar. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatýasy boýunça sebit merkeziniň üstünlikli hereket edýändigini, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçirýän mejlislerine birnäçe gezek wise-başlyklyga saýlanandygy döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçiýrän daşary syýasat strategiýasynyň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan dünýäniň halklarynyň abadançylygyna, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen täze netijeli başlangyçlary öňe sürýär. 



Goňşokara baýramçylygy biziň günlerimizde diňe bir goňşular bilen däl, eýsem dünýä döwletleriniň halklary bilen dostluk, parahatçylyk söýüjilik we ynsaperwerlik gatnaşyklarynyň mizemez gymmatlygyny äşgär edýär. Häzirki döwürde bu baýramçylyk uly zähmet we ruhy ýokary göterliş ýagdaýynda bellenilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň hem-de dünýä halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Uly ruhubelentlige we şatlyk şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ählumumy baýramçylygyň şanyna meşhur we ýaş ýerine ýetirijileriň, döredijilik toparlarynyň, aýdym-saz, tans, folklar we teatr toparlarynyň çykyşlary guraldy. Ýeri gelende aýtsak, umumumilli baýramçylygyň şanyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda milli baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly dabaralara, baýramçylyk çykyşlaryna giň gerim berildi. Olarda medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary özleriniň şowhunly çykyşlary bilen baýramçylyga gatnaşyjylara hezil berdiler.

Degişli makalalar

Täze Bereketli Zaman Şäherçesiniň Açylyş Dabarasy

syrach

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Wekilleri Bilen Duşuşyk Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach