22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem wajyp resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň edaralarynyň maliýe-ykdysady işini kadalaşdyrýan hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Döwlet edara-kärhanalaryny, olaryň düzüm birliklerini hem-de esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegiň tertibini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu resminama bu ulgamdaky işi kadalaşdyrmak babatda soňky ýyllarda Türkmenistanda kabul edilen kadalşdyryjy-hukuk namalary nazara alnyp taýýarlanyldy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady ulgamy döwrebaplaşdyrmak işini çaltlandyrmagyň, bu ulgamyň edaralarynyň işine dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Şunda döwrüň talaplaryny we bu ulgamda hereket edýän halkara ülňülerini nazara almak bilen, täze kadalaşdyryjy – hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Milli Liderimiz hödürlenen kararyň taslamasyny, umuman, makullap we oňa gol çekip, wise-premýere bu resminamada göz öňünde tutulan düzgünleriň ählisini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy, şeýle-de ýurdumyzyň maliýe-ykdysady düzümleriniň hem-de bank edaralarynyň öňünde durýan ähli wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda alnyp barylýar. 

Häzirki wagtda birnäçe möhüm kanun taslamalarynyň, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleriniň, teatrlaryň işini düzgünleşdirmek, sarp edijileriň hukuklaryny goramak, Interneti we Internet hyzmatlaryny ösdürmek bilen bagly kanun taslamalarynyň üstünde işlemegiň dowam edýändigi bellenildi. 

Deputatlar ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täze kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar. Daýhan birleşiklerinde, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda we kärhanalarda guramaçylyk-hukuk, dolandyryş, maliýe-ykdysady we beýleki meseleler boýunça okuw maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň durmuş maksatly syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen pudaklaýyn maksatnamalaryň we taslamalaryň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen, täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek, demokratik, hukuk-dünýewi döwletimiziň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda has möhüm ugurlaryň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny has-da giňeltmek we goramak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde 22-nji aprelde Moskwa şäherinde Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek geňeşmelere gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada habar berildi. 

Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň ählisinde hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýändigi nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň birinji duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş edipdi. Şol duşuşyk 2002-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirildi. Bu duşuşykda Hazar deňziniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilige we tagallalary birleşdirmäge esaslanýan hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna daýanýan oňyn döwletara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýyşlary aýdyňlyk bilen beýan edildi. Aşgabatda başlanan gepleşikler 2007-nji ýylyň oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda, soňra bolsa 2010-njy ýylyň noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde dowam etdirildi. Şol ýerlerde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ikinji we üçünji duşuşyklary geçirildi. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň, şol sanda Baku duşuşygynda beýan edilen we Hazarda işiň dürli görnüşlerini hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Baştutany Hazar deňziniň biologiki serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny, şeýle hem Hazarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetiren täsirini aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürdi. 

Bellenilişi ýaly, Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň dördünji duşuşygyny şu ýylyň sentýabr aýynda Astrahanda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, öňdäki geňeşmeleriň gün tertibine bu möhüm foruma taýýarlyk görmegiň meseleleri giriziler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň ählisiniň özara kabul ederlikli, deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamaga geljekde-de işjeň gatnaşjakdygyny nygtady. Biziň ýurdumyz bu meselelerde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglaşan Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hem-de deňhukukly döwletara gatnaşyklary ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň duşuşyklarynda, şeýle hem beýleki iri forumlarda beýan eden halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýurdumyzyň ençeme gezek Hazar meselesine degişli möhüm duşuşyklaryň, degişli düzümleriň mejlisleriniň, okuw maslahatlarynyň we beýleki çäreleriň geçirilen ýerine öwrülendigi bellärliklidir. Şu aýyň başynda Aşgabatda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýasyny işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 36-njy mejlisi geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, şu ýylyň ikinji ýarymynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň dördünji duşuşygynyň ähmiýetini belledi. Bu duşuşyk gepleşikleriň ilerlemegine täze itergi bermäge, Hazaryň möhüm meseleleri boýunça gatnaşýan taraplaryň ählisiniň ylalaşygyny gazanmaga gönükdirilendir. Ol hyzmatdaşlygyň oňyn görnüşini işläp taýýarlamakda nobatdaky wajyp ädim bolmalydyr. Hazar deňzi tebigy serişdelere örän baýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň mundan beýläk hem Hazar sebitinde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilen ädimleri ätjekdigini, gojaman Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek geňeşmelere göwnejaý taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa 15-17-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwalyny hem-de 29-njy aprel-2-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Wise-premýer halkara teatr festiwalyna jemi 14 döwletden teatr toparlarynyň 16-synyň gatnaşjakdygyny habar berdi. Olaryň arasynda teatr sungatynyň dürli ugurlaryna wekilçilik edýän sungat işgärleri bar. Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralaryndan başga-da, onuň meýilnamasy dürli ugurlarda döredilen oýunlaryň görkezilmegini, teatr öwrenijileriň duşuşyklaryny öz içine alar. Olar ýurdumyzyň teatr sahnalarynda görkeziler. 

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günlerine taýýarlyk görmek bilen bagly hasabatda bu çärä gatnaşmak üçin Almaty şäherine ýurdumyzyň medeniýet işgärlerinden, sungat ussatlaryndan, muzeý we kitaphana işgärlerinden, žurnalistlerden, ýazyjy-şahyrlaryndan ybarat düzümdäki wekiliýet iberiler. Döredijilik çäresiniň çäklerinde konsertler, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, türkmen wekiliýetiniň gazak kärdeşleri bilen duşuşyklary geçiriler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwalyna taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek, milli medeniýetimiz we sungatymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak işinde onuň ähmiýetiniň uludygyny belledi we wise-premýere festiwala degişli derejede taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek barada tabşyryk berdi. 

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günlerini ýokary derejede guramak barada hem wise-premýere anyk görkezmeler berildi. Biziň doganlyk Gazagystan bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz barha giň gerime eýe bolup, täze mazmun bilen baýlaşýar. Şunda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň wezipesi şol gatnaşyklary baýlaşdyrmakdan, has-da giňeltmekden, iki halkyň dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we käbir taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. 

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işi barada hem aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şol toparyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlendi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň depginlerini çaltlandyrmak barada tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 10-njy aprelde nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýörite maslahatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. 

Şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek ýaly işler bar. Olaryň hemmesi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyz Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek babatda görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Italmazowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, senagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatyny berkitmek, şol sanda himiýa pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmagynda Mary şäherinde kuwwaty bir ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürýän zawodlaryň gurluşygynyň barşy barada habar berildi. 

Himiýa senagatynyň bu möhüm desgalarynyň gurluşygy milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýar we häzir tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Gurluşyk meýdançasynda abadanlaşdyryş, timarlaýyş işleri alnyp barylýar hem-de zawodlaryň tehnologik ulgamlaryny we bölümlerini tapgyrlaýyn işe goýberiş-sazlaýyş işleri dowam edýär, himiýa pudagynyň bu kärhanalaryny öz möhletinde ulanmaga bermek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. 

Ammiak öndürýän zawodda enjamlary we turbageçirijileri howa hem-de azot bilen arassalama işleri tamamlandy, bug bilen arassalama işleri 90 göterim ýerine ýetirildi we amiak önümçiligini işe goýberiş –sazlaýyş işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär. Karbamid zawodynda hem oturdylan tehnologik ulgamlarda synag işleri amala aşyrylýar, önümçiligi kompýuterleşdirmegiň we awtomatlaşdyrmagyň toplumlaýyn ulgamyny sazlamak boýunça işler dowam edýär. Önümçilik işinde esasy çig mal bolup hyzmat etjek tebigy gazyň ýurdumyzda ägirt uly gorlarynyň bolmagy azot dökünlerini, hususan-da, karbamid öndürýän täze kuwwatlyklaryň ýokary netijeli işlemegini şertlendirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerli çig maly peýdalanmaga, milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, mineral dökünleriň, şol sanda karbamidiň önümçiligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär, munuň özi kuwwatly çig mal binýadynyň, içerki bazaryň bu önüme uly isleginiň bolmagy, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň ýokarlanmagy bilen baglydyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň ünsüni täze himiýa zawodlarynyň gurluşygynyň hiliniň we möhletleriniň berjaý edilmegine çekip, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýelkenli sportuň windsörfing görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň bir tapgyryny 2014-nji ýylyň 1–6-njy iýuly aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

“Professional Windserfers Assosiation” guramasy tarapyndan her ýyl dünýä çempionatynyň tapgyry hökmünde geçirilýän ýaryşlar “Ýelken” ýaht-klubynyň binýadynda guralar. Türkmenistan 15 ýurtda geçirmek göz öňünde tutulýan windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň sanawyna ilkinji gezek girdi. 

Bu halkara ýaryşynyň Türkmenistanda geçiriljek tapgyryna 40 döwletden jemi 400-e golaý daşary ýurtly raýatlaryň, şol sanda 100-e golaý türgeniň, şonça-da daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem eminleriň we bilermenleriň Awaza gelmegine garaşylýar. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan daşary ýurtly myhmanlar üçin dürli medeni çäreler, syýahatçylyk gezelençleri we ýokary derejedäki hyzmatlar guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimize degişli kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol çekip, ýelkenli sport boýunça Dünýä çempionatynyň tapgyrynyň maksatnamasyna girjek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi hem-de türkmen topragyna geljek myhmanlar üçin iň oňaýly şertleriň döredilmegini tabşyrdy. 

Milli Liderimiz sport ulgamynyň ýagdaýynyň döwletiň ykdysady we medeni taýdan gülläp ösmeginiň esasy görkezijileriniň biridigini belläp, ýurdumyzda sportuň Türkmenistan üçin täze görnüşlerini, şol sanda ýelkenli sport görnüşlerini, şeýle hem gyşky hem-de golaýda olimpiýa maksatnamasyna girizilen görnüşlerini okgunly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri öwrenmegi we olardan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy. Tejribäniň görkezişi ýaly, raýatlarymyz, aýratyn-da ýaşlarymyz sportuň bu görnüşlerine uly gyzyklanma bildirýär. Galyberse-de, ýurdumyzda halkara ýaryşlaryny guramak hem-de geçirmek üçin zerur bolan düzümleriň we serişdeleriň ählisi bar. Şeýle-de tälimçiler we eminler düzümini hem-de ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça işleri täzeçe guramak wajypdyr. 2017-nji ýylda Aziýa oýunlary geçirilenden soň, dünýäniň sport durmuşynyň merkezi hökmünde Türkmenistany has belent sepgitlere çykarmak üçin şü günden edilmeli işlere oýlanyşykly çemeleşmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow söwda toplumyny dolandyrmagyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Döwlet haryt-çig mal biržasynyň düzümlerinde, kärhanalarynda hem-de guramalarynda işiň has netijeli usullaryny işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilen seljerme işleri barada hasabat berildi. Şol seljermäniň esasynda bu edaranyň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň garamagyna berlen teklipler beýan edildi. 

Hususan-da, teklipler birnäçe guramaçylyk çärelerini, wezipe sanawyny üýtgetmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň düzümine girýän “Türkmeneksport”, “Milli söwda merkezi” döwlet kärhanalaryny we “Biznes reklama” gazetini, “Şir” hokkeý toparyny Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyna bermegi özünde jemleýär. 

Şu çäreleriň biržanyň işgärlerini we maddy-tehniki serişdelerini bu edaranyň öňünde durýan wezipelere jemlemek bilen, onuň işini kämilleşdirmäge, söwda-ykdysady ulgamynyň mümkinçiliklerini hem-de ornuny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ulgamynda işleriň ýagdaýynyň oýlanyşykly seljerilmeginiň onuň ösüşiniň depginli ýagdaýyny saklamak üçin goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmaga kömek etjekdigini aýtdy. Ykdysady we senagat taýdan ösüşiň geljegi, iri pudaklaýyn taslamalary, milli maksatnamalaryň strategiki maksatlary we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny nazara almak arkaly şol mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr. Milli Liderimiz bu barada birnäçe görkezmeleri berip, söwdanyň döwrebap netijeli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalaryň we möhüm çäreleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakyndaky” kararyň taslamasy barada hasabat berdi. 

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli kararyna laýyklykda, Derweze etrabynda hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin 257 gektar ýer bölünip berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu ýerde bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 1536-syny, şeýle hem her biri 600 orunlyk iki sany orta mekdebi, heri biri 160 orunlyk dört çagalar bagyny, Saglyk öýleriniň ikisini, beýleki desgalary, şol sanda söwda dükanlarynyň ikisini we ýaşaýyş jaý dolandyryş edaralary üçin binalaryň birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar. Täze obada zerur bolan düzüm, şol sanda inženerçilik-tehniki we ulag kommunikasiýalary göz öňünde tutular. Şol işlere şu ýylyň maýynda başlamak we desgalary doly taýýarlamak bilen 2017-nji ýylyň iýun aýynda tamamlap, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlendi. 

Milli Liderimiz hödürlenen resminamany makullap we oňa gol çekip, halkyň, her bir maşgalanyň durmuş derejesi hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde we obalarda adamlar üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzda toplumlaýyn işler ýaýbaňlandyryldy. Olar obalarda täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş-durmuş düzüminiň döredilmegine gönükdirilendir. 

Derweze etrabynda täze obanyň gurulmagy degişli ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ýolunda uly ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz degişli işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ähli desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny hem-de olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň, şeýle hem ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak meselelerini çözmegiň möhümdigini aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda türkmen wekiliýetiniň Horwatiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada habar berdi. 

Iş saparynyň barşynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-horwat toparynyň işiniň çäklerinde ýol-ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar boldy, olar öz kärhanalarynyň işi bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary Pula şäherinde gämi gurluşyk zawodyna, “Berkarar” gämisiniň gurulýan gurluşyk meýdançasyna baryp gördüler we gurluşyk işleriniň barşy bilen ýerinde tanyşdylar. Wise-premýer awtomobil-ýolagçy paromyny gurmak boýunça alnyp barylýan iş we onuň tehniki häsiýetnamalary barada jikme-jik maglumatlary berdi. 

Şeýle-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň mejlisiniň geçirilendigi, onda ykdysady hyzmatdaşlyk babatda iki tarapyň gyzyklanma bildirýän meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşi üçin ulag ulgamynyň kärhanalarynyň netijeli hem-de sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini aýdyp, halkara ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda deňiz ulagynyň wajyp ornuny aýratyn nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen tejribe, özara bähbitli innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyny nygtap, täze, has öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen gämileri satyn almagyň hasabyna Türkmenistanyň deňiz flotuny depginli ösdürmegiň möhümdigini aýratyn belledi, şol gämiler ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň kuwwatyny has-da artdyrar. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy A.Ataýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Milli hemra ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hususan-da, “TürkmenÄlem 52,0 gradus E” aragatnaşyk hemranyň tehniki häsiýetnamalary hakynda habar berildi. Milli Liderimize hemranyň umumy görnüşi, şeýle hem turba görnüşli merkezi gurluşyň we enjamlaryň şekilleri görkezildi. Olar merkezi turba berkidilen aragatnaşyk modullarynyň ýagdaýyny, şeýle hem hemranyň hyzmat ediş modullarynyň çyzgylaryny beýan edýär. 

Habar berlişi ýaly, häzirki wagta çenli “TürkmenÄlem 52,0 gradus E” aragatnaşyk hemranyň esasy platformasy, merkezi turbasy, ýangyç we geliýa üçin gaplary, 10 N. hereketlendirijiler hem-de gigrometrler birleşdirildi. Bu enjamlaryň hemmesi merkezi turbanyň daşyna birleşdirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, aragatnaşyk hemranyň düýp özeni bolup durýan aragatnaşyk moduly we hemradaky ähli enjamlary gözegçilikde saklaýan we tehniki hyzmat edýän hyzmatlar moduly merkezi turbanyň daşyna şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda deslapky synaglardan soňra ýerleşdirildi. “Falkon 9” raketagöterijiniň umumy görnüşi bilen tanyşdyryp, agentligiň ýolbaşçysy onuň kömegi bilen 2014-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasyny älem giňişligine çykarmagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. 

Hasabatyň çäklerinde geljek döwür üçin meýilleşdirilen işler barada hem habar berildi. Hususan-da, aragatnaşyk we hyzmat ediş modullarynyň bilelikdäki işläp biljek ukybynyň synaglarynyň dowam edýändigi, aragatnaşyk hemrasynyň ýylylyk wakuum synaglaryndan geçiriljekdigi aýdyldy. Şonuň bilen birlikde, iş synaglaryň beýleki görnüşleri geçiriler. 

Hemranyň antennalarynyň ýygylyk diapazonlaryna degişli bolan elektromagnit synaglaryny hem geçiriler. Şu ýylyň 11-nji sentýabryndan aýyň ahyryna çenli hemrany uçuş meýdançasyna ugratmak üçin taýýarlyk işleri amala aşyrylar we sentýabryň ahyrynda hemra uçuş meýdançasyna ugradylar. 

Agentligiň ýolbaşçysy “TürkmenÄlem 52,0 gradus E” aragatnaşyk hemrasynyň elektromagnit tolkunlary bilen örtýän ýer böleklerini şekillerde görkezdi. Bellenilişi ýaly, milli hemranyň uçurylmagy ençeme ulgamlary has-da ösdürmäge ýardam eder. 

Bu işler bilen bir hatarda, Fransiýanyň “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan guralan ýörite okuwlarda hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Olar işleriň dürli görnüşleri, şol sanda hemrany dolandyrmak, tehniki hyzmatlary etmek we beýleki ugurlar boýunça taýýarlanylýar. 

Soňra meýilnama laýyklykda alnyp barylýan Ýerüsti dolandyryş merkeziniň gurluşygy hakynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal welaýatynda ýerleşen dolandyryş merkezinde işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Daşoguz welaýatyndaky dolandyryş stansiýanyň gurluşyk işlerini meýilnama laýyklykda maý aýynyň ahyrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilkinji aragatnaşyk hemrasyny döretmegiň çäklerinde geçirilýän işleriň strategiki ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz öz hemramyzyň bolmagynyň artykmaçlyklary barada söz açyp, munuň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagatyň täze ugurlaryny ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi. Mundan başga hem munuň özi adamlaryň başarnyklaryny ösdürmäge, täze ykdysady ugurda aň-bilim kuwwaty ýokarlandyrmaga, ylym bilen baglanyşykly täze taslamalary amala aşyrmaga hyzmat eder, tutuşlygyna alnanda, innowasiýa ugur alan ykdysadyýeti döretmäge getirer. Milli hemramyzyň Ýeriň golaýyndaky orbita çykarylmagy ykdysadyýetiň telekommunikasion talaplaryny üpjün etmäge we telearagatnaşyk düzümlerini kämilleşdirmäge ýardam berer. 

Milli Liderimiz bu meseläni dowam etdirip, şol taslamany durmuşa geçirmegiň özboluşly artykmaçlyklaryna ünsi çekdi. Ilkinji nobatda, hemranyň ulanylmagy ýurdumyzyň ähli çäklerinde tizlikli interneti üpjün etmäge itergi berer, şeýle hem has oňat hilli sanly telegepleşigi hem-de ýokary guramagy üpjün etmäge ýardam eder. Hemra uzakda ýerleşen ilaitly ýerleri hem gurşap alyp, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamlaryny döretmek we guramak üçin möhüm düzüm bolar. Mundan başga hem Türkmenistanda kosmos işini ösdürmek we kämilleşdirmek ýurdumyzyň sebitleýin we halkara abraýyny artdyrmaga hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän işlerden tutuşlygyna alnanda kanagatlanýandygyny beýan edip, Agentligiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini görkezdi we A.Ataýewe bu barada birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda gowaça ekişiniň depginini gün-günden güýçlendirmek hem-de ony bellenen agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek, güýzlük bugdaýa göwnejaý ideg etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şu günler bugdaý meýdanlarynda ikinji we üçünji ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. 

Şunuň bilen birlikde, mekgejöwen we beýleki ekinleri ekmek işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda öňümizdäki galla oragyna çenli galla kabul ediş bölümlerini, kombaýnlary we beýleki tehnikalary taýýarlamak işi ýaýbaňlandyryldy. 

Wise-premýer şeýle hem aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň çäklerinde geçirilýän “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşigine taýýarlyk görmäge degişli meseleler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu gözden geçirilişiň birinji tapgyry 12-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda bolar. Oňa jemi 55 sany ahalteke bedewi gatnaşar. Olaryň 20-sini 19-njy aprelde geçiriljek ikinji tapgyr üçin seçip almak göz öňünde tutulýar. Iň owadan we syratly ahalteke bedewleriniň 10-sy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykar. Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň, şeýle hem ganatly bedewleriň keşbini beýan etmek babatdaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara sylaglary gowşurmak dabarasy Ahalteke atçylyk toplumynda, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäresinde bolar. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişini öz möhletinde tamamlamak üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz bu möhüm oba hojalyk çäresiniň obasenagat toplumynyň ykdysady netijeliligini artdyrmak, onuň eksport kuwwatyny berkitmek, ýurdumyzyň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. 

Galla oragy möwsümi hem ýurdumyzyň ekerançylary üçin örän jogapkärli döwürdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we oňa ykjam taýýarlanmak, şol sanda oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerini maddy – tehniki üpjünçiligini ýokary derejede guramak babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy babatda hem anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleri türkmen halkynyň iň gowy atçylyk däplerini ösdürmäge, “behişdi bedewleriň” bütin dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam etmek bilen birlikde, täsin ahalteke bedewleriniň tohumyny giňden ýaýratmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyny düzgünleşdirmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hem milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, taraplaryň iki toparynyň ýaşaýyş jaýlaryny mugt hususylaşdyrmaga hukugy bardyr. 

Olaryň birinji toparyna döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ulanylan möhleti 15 ýyldan az bolmadyk ýaşaýyş jaýlarynda kireýine almak-bermek şertnamasy boýunça 10 ýyldan köp hemişelik ýaşaýan raýatlar; 

Ikinji topara Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwletiň goldawyna mätäç, ulanylan möhleti 10 ýyldan az bolmadyk ýaşaýyş jaýlarynda 5 ýyldan köp hemişelik ýaşaýan raýatlar degişlidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlaryň bähbidi bilen bagly bu geçirilýän işleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda täze taryhy eýýamyň anyk ýagdaýlaryna laýyklykda, ýaşaýyş jaý özgertmelerini mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmak bolup durýandygyny belledi. “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleriň yzygiderliliginiň netijesidir. Şol kanun 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Munuň özi Türkmenistanyň ilatynyň ösüşiniň ýokary depginleriniň döwlet tarapyndan durmuş kepillendirmeleri bilen göwnejaý häsiýetlendirilýändigine güwä geçýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamany tutuşlygyna makullap we oňa gol çekip, türkmen maşgalalarynyň müňlerçesine döwlet öýleriniň, şol sanda has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga ýeňillikli karzlaryň berilmeginiň hasabyna hususy eýeçilige beriljekdigini belledi we wise-premýere şu kararyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Hytaýyň Toçmaş Korprasiýasynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

syrach

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl: Gurluşyk we Elektroenergetika

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi