18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl

Türkmenistan öz ösüşiniň nobatdaky tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda tassyklanan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge girişýär. Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulgamynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu iş eýýäm başlandy — milli Liderimiz ýanwar aýynda geçirilen Hökümet mejlislerinde hem-de maslahatlarynda ýolbaşçylar düzüminiň öňünde ykdysadyýeti we beýlekileri sanly ulgama geçirmek wezipelerini goýdy. Öňdebaryjy usullary hem-de çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna innowasiýalary ilerletmek, türkmen ykdysadyýetini has-da ösdürmek babatda şu ýyl öňegidişlikleriň gazanylmagyna garaşylýar.

Bu pikir 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygarynda hem öz beýanyny tapýar. Onuň esasyny bolsa döredijiligiň, tutanýerli zähmetiň hem-de täze sepgitlere, açyşlara, bilimlere ymtylmalaryň kuwwaty düzýär. Ýurdumyzyň özgertmeleriniň we ösüşiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek bilen, biz öňümizdäki maksatlary we ugurlary aýyl-saýyl etmek üçin geçen ýylda geçilen ýoluň jemlerini ýene-de bir gezek jemleýäris hem-de okyjylarymyza däp bolan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl» atly syn beriji makalalarymyzy hödürleýäris.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçen ýyl wajyp we düýpli özgertmeleriň başyny başlan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri we möhüm wakalary barada gürrüň berýän taryhy sahypa öwrüldi.

Milli Liderimiz watansöýüjiligiň hem-de tutanýerli zähmetiň bize watandaşlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, eziz ýurdumyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin uly güýç-kuwwat berjekdigini aýdyp, oňyn özgertmeleriň halkymyzyň bitewüliginiň ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň girewidigini belleýär. Munuň özi Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.

  1. Medeniýet, syýahatçylyk

Häzirki döwürde türkmenleriň baý taryhy medeni mirasy ähli hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýýan mähriban ýurdumyzyň özüni dünýä täzeden açýan uly ruhy gymmatlygydyr. Medeniýet we syýahatçylyk ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

20-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan ugurdaş maslahat 2018-nji ýylda medeniýet ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly forumyň barşynda halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrýan möhüm şert hökmünde bu gadymy kerwen ýolunyň şan-şöhratyny wagyz etmäge aýratyn üns berildi. Ýanwaryň birinji ongünlüginde Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Beýik Ýüpek ýoly — parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýoly» atly sergi aň-bilim ugurly hem-de baý milli mirasy wagyz etmäge gönükdirilen häsiýete eýe boldy.

Ýanwar aýynyň soňky ongünlüginde Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň çäklerinde dostlukly döwletiň döredijilik işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti ýurdumyza geldi. Halkara çäre iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyldy. Belarusly myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna «Françiska Skorinynyň kitap mirasy» atly 22 jiltlik faksimil neşirini sowgat berdiler. Medeniýet günleriniň maksatnamasynda Belarus Respublikasynyň Döwlet akademiki tans toparynyň, «Sýabry» toparynyň we beýlekileriň çykyşlary bar. «Kupalinka» topary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak güllerim saňa» aýdymynyň, şeýle hem meşhur «Aýly agşam» türkmen aýdymynyň we «Türkmen äheňleriniň» ýerine ýetirilmegini tomaşaçylar aýratyn ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Fewralyň başynda geçen hökümet mejlisiniň barşynda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar bilen baglanyşykly 2018-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Onda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny mundan beýläk-de öwrenmegiň we dünýäde wagyz etmegiň aýratyn ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Türkmen arheologlarynyň ýurdumyzyň taryhyny häzirki eýýamda has aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän täze gymmatly tapyndylary ýüze çykarmagy hem bu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, häzirki zaman Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän Daňdanakan şäher galyndysynda, şeýle hem orta asyrlarda Täk-Ýazyr obasy hökmünde belli bolan Şähryslam şäher-gala galyndysynda ýüze çykarylan täsin arheologik tapyndylar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletleriň ösüşi hakynda möhüm maglumatlary tassykladylar. Horezm-Horasan söwda ýolunyň ugrunda gurlup, gadym döwürlerde örän belli bolan bu gala-şäherçäniň harabalygy häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň dolandyryş merkezinden 20 kilometr demirgazykda, çäge alaňlarynyň arasynda ýerleşýär.

Fewralyň birinji ongünlüginde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde medeniýet ugurly sergi açyldy. Onda bu gadymy kerwen ýolunyň şan-şöhratyny beýan edýän, şol döwrüň ruhuny we türkmenleriň däp bolan ýaşaýyş-durmuşyny dikeldýän ajaýyp taryhy-medeni gymmatlyklar görkezildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen görnükli italýan suratkeşi Mikelanjelo Merizi da Karawajonyň eserleriniň göçürilen suratlary hem «syýahat etdi». Fewralda türkmenistanlylar şolar bilen Şekillendiriş sungaty muzeýinde tanyş boldular.

Fewralyň birinji ongünlüginde Aşgabatda geçen Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri hem medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we döredijilik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirildi. Bu çäräniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergide goňşy ýurduň gadymy kökleri, amaly-haşam sungatynyň, halk senetçiliginiň yzygiderliligi aýdyň görkezildi. Eýranyň kinorežissýorlarynyň filmleriniň görkezilişi guraldy. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda iki ýurduň çagalar döredijilik toparlary, «Watan» kinokonsert merkezinde bolsa Eýranyň folklor we saz toparlary çykyş etdiler.

2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly şygary bilen syýahatçylyk ulgamyndaky çäreler hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy. 3-nji fewralda ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we «Şuangsýun», «Beýçen» hytaý kompaniýalary bilen bilelikde türkmen-hytaý pudaklaýyn forumy guradylar. Şonuň jemi boýunça gol çekilen birnäçe şertnamalar we ylalaşyklar bu ulgamdaky, şol sanda iki ýurduň çäklerinde dürli syýahatçylyk çärelerini geçirmek, maýa goýmak, ulgam üçin işgärleri taýýarlamak we maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk ugurlarynyň uly toparyny öz içine aldy.

Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mart aýynyň wakalarynyň many-mazmunynyň baýlygyny kesgitledi. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan surat, grafika we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem şu dabaralara bagyşlandy. Bu sergi ýurdumyzyň suratkeş zenanlarynyň 43-siniň işini özünde jemledi.

9-njy martda wagyz-nesihat çäresi badalga aldy — Aşgabat — Türkmenabat — Kerki ugry boýunça Aşgabatdan wagyz-nesihat otlusy dört günlük ýola düşdi. Onuň ugry ýurdumyzda gadymy döwürlerde söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen şäherleri we taryhy ýerleri öz içine aldy. Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde «Günorta Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri — dünýä binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary» diýen ylmy maslahat hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň bir babyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Şol bapda Amyderýanyň ugrunda ýerleşen taryhy ýerler we tebigat ajaýyplyklary hakynda gürrüň berilýär. Şunuň ýaly çäre martyň soňky ongünlüginde Balkan welaýatynda hem guraldy.

Milli bahar baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk dabaralary däbe öwrülen «Nowruz ýaýlasynda» geçirildi. Bu ýerde türkmen halkynyň çäksiz myhmansöýerliginiň, milli medeniýetimiziň dowamatlylygynyň alamatyna öwrülen ägirt uly ak öý görnüşindäki bina — «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» guruldy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen wekiller, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda şu döwürde Türkmenistanda bolýan syýahatçylaryň toparlary hem baýramçylyk çärelerine gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby owadan bezegli we many-mazmunly görnüşde çärä aýratyn baýramçylyk öwüşginini berdi. Bu ýere ýygnananlar guramaçylaryň, köp sanly aýdym-saz toparlarynyň hem-de halk hünärmentçiliginiň ussatlarynyň işleriniň esasynda halkymyzyň we onuň medeni mirasynyň ýyl ýazgysynda aýdyň yz galdyran gadymy şäherler hakynda gürrüň berýän bu özüne çekiji ajaýyp eseriň sahypalary boýunça gyzykly syýahatda boldular.

Owganystandan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Gazagystandan, Täjigistandan, Eýrandan gelen döredijilik toparlary öz däp-dessurlarynyň, Nowruzdaky duşuşyklaryň aýratynlyklaryny görkezdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň çäklerinde guralan baýramçylyk konsertiniň hormatly tomaşaçysy boldy. Baýramçylyk konsertine belli estrada ýerine ýetirijileri, teatr artistleri, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden saz we tans toparlary gatnaşdylar.

2018-nji ýylda ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda milli we dünýä saz medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan kompozitor Nury Halmämmedowyň ýubileýi giňden bellenilip geçildi. 23-nji martda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde bolan «Ýürekleriň sazy» atly ugurdaş äheňli konsert çäreleriň arasynda aýratyn tapawutlandy. Martyň soňky hepdesinde baýramçylyk çäreleri türkmen kompozitorynyň okan we döredijilik şahsyýeti hökmünde kemala gelen ýyllary bilen baglanyşykly Russiýada, Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda dowam etdi.

Beýik Ýüpek ýoly dünýä taryhynda aýratyn hadysa bolmak bilen, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam berip, özünde turuwbaşdan birleşdiriji başlangyjy saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, 18 — 19-njy aprelde Aşgabatda geçen halkara ylmy maslahat we “Saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly festiwal aýratyn bellärliklidir. Halkara maslahat dünýäniň 13 ýurdundan gelen ynsanperwer ugurly alymlary we sungat ussatlaryny özünde birleşdirdi. Medeniýetiň gözbaşlary we siwilizasiýanyň ösüşinde onuň ähmiýeti Aşgabat duşuşygynyň baş taglymy boldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň özboluşly saz däpleri görkezildi. Owazlaryň bu köplüginde halk sungatynyň gözbaşlarynyň umumylygy, iň esasy bolsa, parahatçylyk dörediji, gurujy güýji aýdyň ýüze çykdy.

Gadymy Margiananyň artefaktlarynyň Germaniýada bolan tanyşdyrylyş dabarasy hem mirasy gorap saklamak meselesine bagyşlandy. 24-nji aprelde Berliniň Täze muzeýinde «Margiana — Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Berliniň döwlet muzeýleriniň birleşigine girýän Gadymy döwür we irki taryh muzeýi gurady.

Ýurdumyzyň muzeýleriniň üçüsiniň — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň 220-sini öz içine alýan giň göwrümli sergi dört müň ýyl mundan ozal bürünç eýýamynyň ýokary ösen medeniýetiniň sallançagy bolan we Gündogaryň taryhynda täsin orun eýelän gadymy Margiananyň durmuşyny giňden açyp görkezdi.

Serginiň gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýändigi örän täsindir. Artefaktlaryň hatarynda daşdan, metaldan, pil süňkünden we palçykdan ýasalan ýokary çeperçilikli önümler, täsin görnüşli nepis keramiki gaplar, Goňuryň hem-de beýleki gadymy Margiana obalarynyň ýaşaýjylarynyň durmuşynda uly orun eýelän gadymy dini şekiller bar.

Sergi 15-nji oktýabra çenli Berlinde görkezildi, 1-nji noýabrdan bolsa Gamburgyň arheologiýa muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde gadymy türkmen şalygynyň asyl nusgalary dört aýlap görkeziler. Soňra bolsa olar 2019-njy ýylyň iýunyna çenli Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda ýaýbaňlandyrylar. Bu şanly waka mynasybetli alymlara, şeýle hem taryhyň janköýerleriniň giň köpçüligine niýetlenen ýörite owadan bezegli neşir çykaryldy.

Ynsanperwer ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselesi bilen baglylykda, ýurdumyzyň arheologiýa dünýäsi bilen tanyşmakda uly gymmata eýe bolan «Uly Gyzgala» (daşary ýurt edebiýatynda «Gyz-gala» hökmünde belli) binagärlik ýadygärligini gorap saklamak boýunça türkmen-amerikan taslamasynyň tamamlanmagyny bellemek gerek. 16-njy maýda «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda bu waka bagyşlanan dabara boldy. Taslama 5 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçiler gaznasy» Halkara maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji iri göwrümli grantyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy.

Uly Gyzgalanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalarynyň hataryna girýändigini nazara alyp, türkmen hünärmenleri bu ýerde öz daşary ýurt kärdeşleri — Londonyň Uniwersitet kollejiniň arheologiýa institutynyň (Beýik Britaniýa), Warşawa uniwersitetiniň arheologiýa institutynyň (Polşa) wekilleri we palçyk gurluşygy boýunça halkara merkeziniň (СRAterre) Grenoblýanyň ýokary arhitektura mekdebiniň (Fransiýa) bilermenleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işlediler.

2018-nji ýylyň halklaryň ruhy taýdan birleşmegine hem-de ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen halkara ähmiýetli çäreleriniň hatarynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Aşgabatda işleýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guralan konsertler bar.

22-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni çäre tutuş dünýäde ýurdumyzyň täsin taryhy-medeni mirasyny, arheologik hem-de tebigy baýlyklaryny, gazanan üstünliklerini, syýahatçylyk kuwwatyny, halkymyzyň baý däp-dessurlaryny wagyz etmäge ýardam etdi. Şol ýerde surat sergisi açyldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Russiýanyň medeni paýtagty maý aýynyň soňky ongünlüginde “Fontankada» atly I Halkara sirk sungaty festiwalynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Şol ýerde türkmen çapyksuwarlary baş baýraga — «Altyn Gaetano» baýragyna mynasyp boldular. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna gatnaşyjylardan hem-de Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparyndan düzülen bilelikdäki toparyň bu ajaýyp üstünligi dünýäniň esasy sirk meýdançalarynda Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän ildeşlerimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Watanymyzda meşhur çapyksuwarlary baýramçylyk dabaralary hem-de aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow artistlere Gutlag hatyny iberip, olary ajaýyp ýeňiş bilen gutlady.

Iýun aýynyň döredijilik çäreleriniň hatarynda dürli halkara ähmiýetli çäreler bar. Olar däp bolan türkmen-russiýa medeni gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. 8-nji iýunda Russiýanyň paýtagtynda, Rerihleriň muzeýiniň çäginde (Gündogar döwlet muzeýiniň şahamçasy) «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Tanyşlyk» atly medeni çäre geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy hem-de Gündogar döwlet muzeýiniň dolandyryş edarasy tarapyndan guralan çäräniň maksatnamasy türkmen suratkeşleriniň Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan işleriniň sergisinden hem-de halkymyzyň aýdym-tans we tagam taýýarlamak bilen baglanyşykly däpleri bilen tanyşlyk çäresinden ybarat boldy.

Türkmen-russiýa medeni gatnaşyklary bilen baglanyşykly çäreler 14-nji iýunda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda dowam etdirildi. Şol ýerde «Salam, Wladimir Wysoskiý!» atly oýnuň görkezilişi boldy. Bu çäre Medeniýet ministrligi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

23 — 25-nji iýunda bolan döredijilik çäresiniň — Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň barşynda Türkmen döwletiniň medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygy nobatdaky gezek tassyklanyldy. Pekinde geçirilen forumyň maksatnamasyna türkmen sungat ussatlarynyň konsertleri, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi girizildi.

2018-nji ýylda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyraga sarpa goýmak çäresi bilen birleşdirildi. Bu dabaralara bagyşlanan Medeniýet hepdeligi 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda geçirildi, forumyň aýry-aýry çäreleri paýtagtymyzda guraldy.

Hepdeligiň çäklerinde welaýatyň dürli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzda, medeniýet merkezlerinde we açyk sahna meýdançalarynda ýatdan çykmajak konsertler hem-de sungat ussatlarynyň, bagşylaryň, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda çykyşlar guraldy. Muzeýlerde, kitaphanalarda, medeniýet öýlerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, neşirýat önümleri hem-de arheologlaryň ýurdumyzyň dürli sebitlerinden tapan täsin gymmatlyklary görkezildi.

Forumyň çäklerinde sahna ussatlary öz işlerini görkezdiler. Hepdeligiň çäklerinde Kaka etrabynyň halk teatr-studiýasy “Sogap ýoly” sahna oýnuny görkezdi. Onda artistler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan orta asyr maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berdiler. Däp bolşy ýaly, döredijilik ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanylyp, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Hüýrlukga — Hemra» atly täze operanyň görkezilişi boldy.

Hepdeligiň jemleýji çäresi — sungat ussatlarynyň uly konserti, sungat forumynyň dabaraly açylyşy ýaly, Ahal welaýatyndaky, «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Medeniýet hepdeligini geçirmek nobatyny Ahal welaýatyndan Balkan welaýatyna bermek bilen baglanyşykly döredijilik çäresini guradylar. 2019-njy ýylda bu giň möçberli sungat forumy Balkan welaýatynda geçiriler.

Ýylyň ikinji çärýegi möhüm ähmiýetli taryhy waka bilen tamamlandy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 25-nji iýunda Ženewada geçirilen 38-nji mejlisiniň barşynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakyndaky» Bilelikdäki Beýannama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen birlikde, ýene-de 23 döwlet resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Döwletimiz tarapyndan medeni diplomatiýa halkara derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan goldanylmagy Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüşi gazanmakda eýeleýän möhüm ornuny ykrar edýändigini tassyklaýar.

2018-nji ýylyň ikinji çärýeginde täze kitap bilen tanyşdyryş çäreleriniň birnäçesi geçirildi. Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Döwlet Baştutanymyz täze eserini käbesi Ogulabat ejä bagyşlady. Onuň durmuş ýoly türkmen halkynyň ruhy, ahlak we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiz halk pähimlerine we rowaýatlara ýüzlenýär.

Üçünji çärýegiň çäreleri “Beýik Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly festiwal bilen başlandy. Bu festiwal 1 — 7-nji iýul aralygynda geçirildi hem-de paýtagtymyzyň alty teatrynyň, şeýle-de welaýatlaryň dört teatrynyň ilkinji gezek görkezilen sahna oýunlaryny birleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan rowaýatlar, tymsallar hem-de taryhy wakalar teatr toparlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.

Geçen ýylyň iýul aýynda bolan döredijilik çäreleriniň hatarynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen «Aziýanyň ýaňy» atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalyny hem görkezmek bolar. Şonda türkmen sirkiniň wekili Liliana Ýusubowa kümüş baýraga mynasyp boldy. Howa gimnastikasy ugrunda ajaýyp çykyşy üçin ildeşimize «Ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy üçin» diýen ýörite baýrak gowşuryldy.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri babatda-da Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly mesele örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, 19-njy iýulda Pekinde Türkmenistanyň «Ýüpek ýoly» wiza hyzmat merkeziniň açylmagy bellärliklidir. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň 30-njy awgust — 2-nji sentýabr aralygynda Urumçide geçirilen EKSPO «Hytaý — Ýewraziýa 2018» çäresine gatnaşmagy hem iki ýurduň syýahatçylyk ulgamynda alyşmalary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Gözden geçirilişiň çäginde Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň we Urumçi şäheriniň dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de HHR-iň şu sebitiniň esasy syýahatçylyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ikinji türkmen-hytaý syýahatçylyk forumy guraldy.

Iýul aýynyň wakalary Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan hem-de gadymy türkmen küştdepdi tansyna bagyşlanan festiwal bilen tamamlandy. Döredijilik forumy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirildi. Ençeme asyr mundan ozal hut şu ýerde dünýä medeniýetiniň bu tans dürdänesi döredi. 2018-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan etnografik şüweleňe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlary gatnaşdylar.

Awgust aýynyň giň möçberli döredijilik çäreleriniň hatarynda höwesjeň ýaş ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileriniň uly konsertini görkezmek bolar. Bu meşhur döredijilik bäsleşiginiň jemleri 18-nji awgustda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde jemlenildi. Şol ýerde bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

“Beýik Ýüpek ýolunyň” ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, welosipedli ýörişiň hem-de ýeňil atletika boýunça ýaryşyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli “Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda uly konsert boldy. Döwletimiziň sport diplomatiýasy halklaryň ýakynlaşmagyna, belent ynsanperwer gymmatlyklaryň dabaralanmagyna gönükdirilendir we şol gün Hazaryň türkmen kenarynda döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine hormat-sarpa goýmak dabarasynyň geçirilmegi tötänden däldir. Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Dabaralar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň suw çüwdürimler seýilgähinde tamamlandy. Deňziň kenaryndaky amfiteatrda baýramçylyk konserti boldy. Onda türkmen hem-de daşary ýurtlaryň estrada artistleri, ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlary çykyş etdiler.

26-njy sentýabrda ählihalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda dürli pudaklaryň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolanlar şol gün paýtagtymyzdaky “Mejlisler merkezinde” geçirilen sungat ussatlarynyň konsertine çagyryldy. Bu konsert ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlandy. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň hatarynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri hem bar. Bu bäsleşigiň jemi sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde Mukamlar köşgünde jemlenildi.

Sentýabr aýynyň birinji ongünlüginiň halkara döredijilik çäreleriniň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan guralan “Koreýa hepdeligi” bar. Şonuň çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat, koreý aşhanasynyň festiwallary hem-de kinofilmleriň görkezilişi we konsert geçirildi.

Sentýabr aýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahan şäherinde geçirilen IV Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Hazar redaksiýasynyň iş maslahatynyň çäklerinde hem-de mediaforumyň “meýdançalarynda” Hazarýaka ýurtlarynyň žurnalistleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy sentýabrda Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan iň gowy surat eserleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Gözden geçirilişiň ýeňijileriniň işleri ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan “Beýik Ýüpek ýoly” sergisiniň çäklerinde görkezildi. Serginiň mowzuklaýyn eserleri nakgaşlyk işleriniň 127-sinden, heýkelleriň 16-syndan hem-de amaly-haşam sungatynyň eserlerinden we fotosurat işlerinden ybarat boldy.

Geçen ýylyň üçünji çärýeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň dowamy çapdan çykdy. Täze eseriň tanyşdyryş dabaralary 21-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen kitapda türkmen topragyndaky şäherler, galalar hem-de ýadygärlikler barada gürrüň berilýär. Kitap Beýik Ýüpek ýolundaky şahsyýetler we wakalaryň beýany bilen tamamlanýar. Neşirde gadymy oazisleriň arheologiýa, paleogeografiýa, aero we kosmos kartografiýasy ulgamyndan maglumatlar getirilýär.

21-nji sentýabrda Aşgabatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Milli Liderimiziň bu eseri 1-nji oktýabrda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde hem tanyşdyryldy. Geçen ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 10-njy jildi çapdan çykdy. Bu kitabyň tanyşdyryş çäresi saglygy goraýyş forumynyň çäklerinde 20-nji iýulda geçirildi.

Gruziýada iýul aýynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde neşir edilen “Foreign Businessin Georgia” žurnalynyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýörite sany Türkmenistana bagyşlandy.

GDA agza döwletleriň “Kitap sungaty” atly XV ýubileý halkara bäsleşiginiň baýraklary ýurdumyzyň kitap neşir edijileriniň hem-de neşirýat işgärleriniň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynda 31-nji Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda neşir edilen kitaplaryň dördüsi abraýly baýraklara mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby “Medeniýetleriň gatnaşygy” ugrunda birinji ýere mynasyp boldy. “Meniň ýurdum” ugrunda “Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly neşir bäsleşigiň baýrakly ornuna mynasyp boldy. Owadan suratlar bilen bezelen “Türkmen halk ertekileri” atly kitap “Çagalar we ýetginjekler üçin kitap” ugrunda II derejeli diploma mynasyp boldy. “Ürgenç — Gündogaryň orta asyr ylmy we medeni merkezi” atly eser “Okuw edebiýaty we bilim” ugrunda III derejeli diplom bilen bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe boldy. Daşary ýurtlarda bu kitap dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda täze hoş habar gelip gowuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň gadymy halkara ýoluň birleşdiriji ornuny açyp görkezýän eseri indi koreý dilinde neşir edildi.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň gazananlarynyň “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasynda hem-de ylmy maslahatda görkezilendigini bellemelidiris. Şolar oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirildi. Foruma dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan neşirýat senagatynyň, işewür we edebiýat toparlarynyň wekilleriniň 150-ä golaýy gatnaşdy. Özara gyzyklanma bildirilip, geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda ýörite düzümleriň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şol sanda neşirýat işiniň hünärmenlerini taýýarlamak we neşirýat tehnologiýalary ulgamynda, terjimeçilik, kitaphana işinde we döredijilik alyşmalary ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň Mekdep medeni-sport festiwaly geçirildi. Oňa ýaşlaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu festiwaly geçirmek baradaky başlangyç milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Mekdep okuwçylarynyň toparlary bir hepdäniň dowamynda sportuň 6 görnüşi boýunça ýaryşdylar hem-de zehinli çagalaryň VI halkara döredijilik festiwalynyň çäklerinde özleriniň köptaraply döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

Şol döwürde türkmen paýtagtynda ilkinji gezek Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň (ABU) 55-nji mejlisiniň çäreleri geçirildi. Forumyň açylyşynyň öňüsyrasyndaky günlerde “Ýyldyz” myhmanhanasynda teleradio kompaniýalaryň hem-de kompaniýalaryň — ýörite enjamlary öndürijileriň, hemra aragatnaşygy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirijileriň mümkinçiliklerini görkezýän sergi, dolandyryjylaryň okuw maslahaty, aýry-aýry ugurlar boýunça iş toparlarynyň, şeýle hem tehniki toparyň mejlisleri we beýleki çäreler guraldy. Mundan başga-da, “Women with the Wave” atly 7-nji Zenanlar forumy hem-de ussatlyk sapaklarynyň tapgyry geçirildi. Bu çäreler ABU-nyň “Alyp eşitdiriş hemmeler üçin: gender deňligi we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köpdürlülik” forumlarynyň bir bölegi bolup durýar.

4-nji oktýabrda ABU-nyň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň açylyş dabarasynda Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş sekretary Jawad Mottagi guramanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmekde bitiren ägirt uly hyzmatlary üçin ýörite güwänamany gowşurmak barada kabul eden çözgüdini beýan etdi. 2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen 7-nji Aziýa — Ýuwaş ummany aýdym telefestiwaly medeni gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky ädim boldy. Bu festiwala göni ýaýlymda dünýäniň onlarça ýurdunyň tomaşaçylary syn etdiler.

9 — 10-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen, dünýäniň 26 döwletiniň wekillerini birleşdiren “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergide syýahatçylygyň ösüşiniň geljegi bilen baglanyşykly ugurlar görkezildi. Serginiň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça maslahat hem geçirildi. Foruma daşary ýurtlardan gatnaşan wekiller özleriniň tekliplerini, pikirlerini hem-de taslamalaryny hödürlediler. Olar geljegi uly bolan syýahatçylyk ulgamynda türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge gyzyklanmanyň artýandygyny tassykladylar.

Oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde biziň uly döredijilik wekiliýetimiz Täjigistanda halkymyzyň medeniýetine we sungatyna wekilçilik etdiler. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde täjik paýtagtynyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Duşenbäniň ýaşaýjylary Türkmenistanyň muzeýlerinden getirilen nakgaşlyk eserleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyşdylar. A.Lahuti adyndaky täjik akademik teatrynyň sahnasynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň artistleri “Daýahatyn” oýnuny görkezdiler. Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti şäherçesine baryp gördi, şol ýerde türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. Medeni çäre Täjigistan Respublikasynyň “Kohi Borbad” döwlet toplumynyň sahnasynda guralan konsert bilen tamamlandy.

21 — 23-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda hökümetara ylalaşyklar bilen kesgitlenen, yzygiderli geçirilýän medeni alyşmalaryň çäklerinde Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri geçirildi. Çäräniň maksatnamasyna türkmen muzeýleriniň gaznasyndan amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, häzirki zaman we halk aýdymlaryny hem-de tanslaryny ýerine ýetirýän türkmen artistleriniň konserti girizildi.

Oktýabr aýynyň soňky günlerinde Aşgabatda Horwatiýanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde dostlukly ýurduň medeni däpleriniň köpöwüşginli ugurlary görkezildi. Şolaryň maksatnamasyna laýyklykda, “Horwatiýa Respublikasynyň maddy däl mirasy” atly surat sergisi, Horwatiýanyň kino sungatynyň eserleri bilen tanyşlyk çäresi hem-de pianinoçylaryň konserti guraldy.

19-njy oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýüpek ýoly: gadymyýetden häzirki güne çenli” diýen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Medeniýet ministrligi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralan çäräniň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dürli döwürlerde Türkmenistanyň çäklerinde arheologik ýadygärlikleriň ylmy-barlaglaryna gatnaşan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň görnükli alymlary, Russiýa Federasiýasynyň esasy ylmy we ylmy-köpçülikleýin neşirleriniň wekilleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň döreýşi, medeniýetleriň özara baýlaşyşy we beýleki ugurlar barada hasabatlar hem-de ylmy maglumatlar bilen çykyş etdiler. Türkmen kärdeşleri — Ylymlar akademiýasynyň hünär ugurly institutlarynyň, Döwlet muzeýiniň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri halklary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň şerti hökmünde bu gadymy ýoluň özboluşlylygynyň wagyz edilmegine aýratyn üns berdiler.

Türkmen-russiýa medeni gatnaşyklar mowzugy 1 — 4-nji noýabr aralygynda Aşgabatda, Türkmenabatda we Maryda geçirilen Russiýanyň kino günleriniň çärelerinde dowam etdirildi. Noýabr aýyndaky kinolaryň görkezilişi ýapon filmleriniň festiwaly bilen dowam etdi, şonuň çäklerinde 10 — 14-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda häzirki zaman çeper filmleriniň bäşisi hem-de animasion film görkezildi. 18-nji noýabrda “Aşgabat” kinoteatrynyň uly ekranynda amerikan dokumental filmleri görkezildi. Kinofilmleriň görkezilişi Döwlet departamenti hem-de Günorta Kaliforniýanyň kinematografiýa sungaty mekdebi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Amerikan filmleriniň görkezilişi” maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Filmleriň görkezilmeginiň öňüsyrasyndaky günlerde ABŞ-nyň kino bilermenleri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklaryny geçdiler hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen duşuşdylar.

TÜRKSOÝ halk saz gurallarynyň halkara orkestriniň düzüminde Ýaponiýanyň Tokio, Kawasaki, Ýokogama hem-de Gamamasu şäherlerinde geçirilen konsertlere gatnaşmagy türkmen sungat ussatlarynyň 2018-nji ýylda gazananlarynyň üstüni ýetirdi. Türkmenistanly ýaş sazandalar, şeýle hem TÜRKSOÝ ýaşlar kamera orkestriniň düzüminde Ýewropa ýurtlary boýunça döredijilik çykyşlaryna gatnaşdylar.

Güýz paslynyň soňky günlerinde Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň artistleri hem-de aýdym-saz toparlary doganlyk halkyň özboluşly däpleriniň köpöwüşginliligini görkezdiler. Medeniýet günleriniň çäreleriniň hatarynda muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi, döredijilik toparlarynyň hem-de aýdymçylarynyň çykyşlary, artistleriň bilelikdäki konserti bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna hem-de onuň garamagyna berlen Döwlet muzeýiniň bölümleriniň birine baryp gördi. Häzirki wagtda şol ýerde kitap sergi merkezi ýerleşýär. Bu ýerde milli Liderimiz kitaphana işini kämilleşdirmek we guramak boýunça wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz kitaphanalarda elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, kitaphana işini mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek we şunuň bilen baglylykda, welaýat kitaphanalaryna usulyýet kömegini hem-de ylmy maslahatlary bermek meselesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Döwlet medeniýet merkezine degişli üç binanyň kitaphana berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi baş milli kitaphana merkezi bolar we bu ýerde ylmy, usulyýet hem-de medeni-aň-bilim işlerini alyp barmak, degişli derejede duşuşyklary geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün eder. Mukamlar köşgüniň binasy bolsa, häzirki döwürde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda ýerleşdirilse maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçen 2018-nji ýyl türkmen halkynyň taryhy-medeni baýlygyna täzeden baha bermäge, ýurdumyzyň taryhy hem-de tebigy gymmatlyklaryny giňden wagyz etmegiň esasynda içerki we daşarky syýahatçylygy ösdürmek boýunça işleri işjeňleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Ispaniýanyň iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi. 15-nji noýabrda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hem-de Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň arasynda iki ýurduň syýahatçylyk pudaklarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçirildi. Ýapon tarapy “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde okuwlary dowam etmegi, syýahatçylyga aýratyn üns bermegi hem-de Ýaponiýada iki döwletiň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň duşuşygyny guramagy teklip etdi.

294 syýahatçylyk ugry boýunça hyzmatlaryň laýyk gelýändigi hakyndaky güwänamalar gowşuryldy, taryhy ýadygärlikleriň 105-sine gezelençler guralýar. Şeýle hem ygtyýarlandyrylan syýahatçylyk ugurlarynyň bäşisiniň üsti taryhy-medeni ýadygärlikleriň hem-de keramatly ýerleriň 30-syna gezelençler bilen ýetirildi. Täze syýahatçylyk ugurlary işlenip taýýarlanyldy, şolar boýunça tanyşlyk gezelençleri guraldy.

Syýahatçylyk ugurlarynyň täzelenmegi bilen birlikde, pudakda hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň hem-de syýahatçylyk ýolbeletleriniň Assosiasiýasynyň we Bütindünýä federasiýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda syýahatçylyk babatda ýolbeletleri taýýarlamak boýunça okuwlar geçirildi.

6 — 7-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahatyň gün tertibine Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleler girizildi. Forumyň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň Utgaşdyryjy komitetiniň “Ýüpek ýoly” ugruny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bäşinji mejlisi geçirildi. Mundan başga-da, ÝUNESKO tarapyndan guralan “Beýik Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen” diýen halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleriniň sergisi, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, neşirýat önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň birnäçesi bilen bilelikde taýýarlanan kitaplaryň we fotoserişdeleriň sergileri geçirildi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Görogly we Agaýunus” diýen sahna oýnuna tomaşa etdiler, şeýle hem bilelikdäki “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertine tomaşa etdiler. Bu toparyň çykyşy Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygyna gabatlanyldy.

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky günlerde birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi. Ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” milli bäsleşigiň jemleýji tapgyry aýdyň wakalaryň biri boldy.

2018-nji ýylyň wakalary 2019-njy ýyla “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary astynda gadam basan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna aýdyň sahypalar bolup ýazyldy. Bu şygar ýurdumyzyň häzirki döwründe hemmetaraplaýyn ösüşiniň konsepsiýasyny, onuň parahatçylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.

tdh

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Pissäniň Tejribe Nusgalary Botanika Bagynyň Alymlaryny Ýokary Hasyllylygy Bilen Begendirdi

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Komiteti Döredildi