20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri jenap Karl Erýawesi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahoryň hoşniýetli sözlerini ýetirdi hem-de slowen hyzmatdaşlarynyň okgunly ösýän, döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan we kuwwatly ykdysadyýete eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara aragatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda türkmen-slowen gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn derejede hem, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan oňyn gepleşikleriň çäklerinde täze many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady. Milli Liderimiz Sloweniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Duşuşykdatürkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy, dürli ugurlarda döwletara aragatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň maý aýynda Sloweniýa Respublikasyna bolan resmi sapary wagtynda gol çekilen hökümetara ylalaşyklarynyň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garalar hem-de gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyrylar,hususan-da, ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garalar.

Myhman giň möçberli düzümleýn, şol sanda energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilýän ýeri bolan, şeýle hem maýa goýum işi üçin amatly şertler döredilen Türkmenistana Sloweniýanyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, slowen kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryny tassyklady. Şunda, ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlik gazanýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz we Sloweniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim hem-de medeniýet ugurlary, saglygy goraýyş we sport ulgamlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýtdylar. Syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikler bar, bu ulgamyň ösdürilmegine ýurtlaryň ikisinde hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Sloweniýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň alyp barýan hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Sloweniýanyň milli Liderimiziň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren we Birleşen Milletler Guramasynyň garamagyna hödürlenen tekliplerini ilkinjileriň biri bolup tassyklandygy hem-de mundan beýläk-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigi bellenildi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň baştutanyTürkmenistanyň oňyn bitaraplyk derejesiniň aýratyn ähmiýetini nygtap, onuňsebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri jenap Karl Erýawes dostlukly döwletleriň milli bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Primož Şeligo gatnaşdy.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Dokma Toplumy Aziada-2017 Nyşanly Önümleriň Görnüşini Artdyrýar

ÝB Transhazar Gaz Geçirijisi Boýunça Gepleşikleri Geçirmäge Ykrarlydygyny Tassyklaýar

Sebit Bilermenleri Aşgabatda Merkezi Aziýada Energetika Howpsuzlygy Meselelerini Maslahatlaşdylar