20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

«Halk Hakydasy»Ýadygärlik Toplumynyň Muzeýine Barýanlar Elektron Görkezijiniň Hyzmatyndan Peýdalanyp Bilerler

Paýtagtymyzyň Bekrewe köçesiniň ugrundaky owadan baýyrda gök arçalardyr serwi agçalary bilen gurşalan Watan goragçylaryna we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryna bagyşlanan «Halk hakydasy» Ýadygärlik toplumy ýerleşýär.

Toplumda “Watan mukaddesligi” muzeýi ýerleşýär. Granit örtülen kaşaň bina täsirli tematiki barelýef bilen bezelipdir. Elektron gapylar açylandan bu ýere gelýänleri ýagty giň otaga muzeýiň işgärleri garşylap, olara sergi bölümlerindäkiler barada türkmen, rus we iňlis dillerinde habar berýän elektron görkezijiden peýdalanmagy teklip edýärler. «Halk hakydasy» Ýadygärlik toplumynyň ýurtda ilkinji bolup gezençleri guramak üçin sanly tehnologiýadan ulanyp başlandygyny bellemek gerek.

Muzeý dört zaldan ybarat bolup, olaryň birinjisi türkmenistanlylaryň harby gahrymançylygyna bagyşlanan. Zalyň diwarlarynyň birinde Gökdepe galasynyň gahrymanlarynyň suratlary ýerleşdirilipdir. Bu ýere gelýänler ýadygärlik toplumyň işgärlerinden: “ХIХ asyryň ahyryndaky ýurt taryhynyň wakalaryna gatnaşanlaryň suratlary nädip çekildikä?”- diýip soraýarlar. Olar nakgaşlaryň wakany gözi bilen görenleriň gürrüňlerine salgylanyp döreden kanoniki portretleridir. Şol döwre degişli ýaraglar, harby esbaplar, egin-eşikler görkezilýär.

Olary Beýik Watançylyk urşunyň taryhyna degişli eksponatly diwarçalar çalyşýar. Maglumatlar terminallary sizi gyzyklandyrýan sowal boýunça goşmaça maglumat almaga kömek edýär. Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde tapawutlanan türkmenistanlylaryň Şöhrat diwary görnükli ýer tutýar. Gahrymanlaryň portretleri ýygnanşyk nokatlaryndan Berlin alynýança söweş ýollaryny görkezýän kartada ýerleşdirilipdir.

Beýleki zalda Gökdepe söweşine bagyşlanan diorama ýerleşdirilipdir. Serediliş meýdança bu ýere gelýänleri özüni wakanyň jümmüşinde ýaly duýmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa galanyň gaýduwsyz gahrymanlaryna bagyşlanan tematiki bölümiň täsirini has-da güýçlendirýär. Diorama möçberiniň ululygy we wizual şekilleri bilen haýran edýär.

Toplumyň üçünji zaly Aşgabat ýer titremesine bagyşlanypdyr. Dokma fabriginiň golaýyndaky diňiň sagady gije 1 sagat 12 minut wagty, gözel şäheriň weýran bolan wagtyny görkezýär. Bu ýerde ýer titremesiniň güňleç sesi, sarsgyny, şakyrdy, gürpüldi sesleri eşidilýär… Weýran bolan binalaryň we şäher soweti, kerwensaraý, ülkäni öwreniş muzeýi, Änew metjidiniň girelgesi ýaly we beýleki taryhy ýadygärlikleriň maketleri şäheriň başyna inen elhenç belanyň netijesini görkezýär.

Muzeýiň dördünji zaly bolsa häzirki ak mermer Aşgabada bagyşlanypdyr. Gözel paýtagtymyzyň binalary türkmen halkynyň belent ruhunyň we döredijilik güýjüniň nyşanydyr. Zalyň merkezindäki golografiýa enjamy şäheriň gözel ýerlerini görkezýär. Oňa ýanaşyk otagda ugruna görä bölünen teatrlaryň, muzeýleriň, ministrlikleriň, banklaryň, bejeriş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, söwda-dynç alyş merkezleriniň we ş.m. binalaryň maketleri ýerleşdirilipdir.

«Halk hakydasy» Ýadygärlik toplumynyň açylanyna şu ýylyň oktýabrynda bäş ýyl dolýar. Oňa barýan aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary taryhyň ruhuna, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent ideallaryna çuňňur aralaşýarlar.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenbaşyda Hazar ekologiýa maslahaty geçirilýär.

syrach

Alekper Ahmedow-Halkara Dag Marafonynyň Ýeňijisi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Ilçisi TOPH Gaz Geçirijisiniň Gurluşygynyň Depginini Ýokarlandyrmagyň Mümkinçiliklerini Maslahatlaşdylar