23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ YLYM

Beýik Oguz Türkmen Döwleti

Oguz türkmen döwleti Günbatar türkmen hanlygyndan bölünip, aýratyn döwlet hökmünde VIII asyrda döräpdir. Beýik oguz türkmen döwletiniň eýelän meýdany Hazar deňziniň gündogar kenarlaryndan başlap, Balhaş kölüne çenli bolan aralyklarydyr. Käbir taryhy maglumatlarda oguzlaryň Gara deňziň gündogar kenarlaryndan başlap, Beýik Hytaý diwarynyň aralyklarynda ýaşandyklary hem nygtalýar. Oguzlaryň durmuşyna degişli ok-ýaý tapyndylarynyň Bagabat, Altyndepe, Täk gala (Durun), Ary jülgesi, Margiana, Gürgenç taraplarynda üstüniň açylmagy, döwletiň taryhy ýerleşişi hakda düýpli pikirleriň döremegine esas berýär. Oguz hanyň hökümdarlyk süren ýeri Oguz ýurdy diýlip atlandyrylypdyr. Bu eýýam orta asyrlarda «Hududul älem» ýaly ygtybarly taryhy arap çeşmelerine anyk maglumat hökmünde giripdir. Oguz ýurdunyň Köpetdagyň etegindäki Täk galadan, Nusaýdan, Änewden hem Altyndepeden uzalyp, tutuş Maryny, Gürgenji, Seýhun bilen Jeýhun arasyny öz içine alyp, bir tarapynyň Itil (Wolga) derýasyna çenli aralykda bolandygyny gadymy çeşmeler tassyklaýar.

Oguz iliniň ynanjy Gök bolupdyr, Taňry diýip göge düşünipdirler, şonuň üçin Taňry diýmegiň bir manysy Gökdür. Olar göktaňry dinine, ýeke taňrylyga ynanypdyrlar. Dili gadymy türkmen dilidir diyilýär. Oguz döwletiniň adynyň yzynda «ýabgu», «ýabgy» sözleri durýar, ol «Beýik» diyen türkmen sözüni aňladyp, döwletiň uly hanlyk derejesini görkezýän alamat hökmünde häsiýetlendirilýär. Ilki bu Oguz türkmen döwletini emele getiren oguzlar Göktürkmenler döwletiniň hökmürowanlygynda Barlyk derýasynyň kenarynda Dokuz oguz hanlygyny döredipdirler. Ýarym çarwa, ýarysy-da oturymly durmuşda ýaşaýan Oguz türkmen döwletiniň Ýaňykent, Jent, Isfijab, Balaj, Urdu, Sygnak, Karnak, Sauran, Süýtkent, Garajyk, Beruket we Barçynlykent atlary bilen tanalýan birnäçe şäherleri-de bolupdyr. Hormatly «ýabgu» adyny göterýän Oguz hökümdary Syrderýanyň (Seyhunyň) Aral kölüne guýýan ýerinde ýerleşýän merkezi şäher – Ýaňykentde oturypdyr. Şol ýer oguzlaryň gyşyna oturyan mesgenleri bolupdyr. O1 döwletde esasy iki sany ýokary wezipe bolup, birinjisi ýabgunyň wekili (weziri) – «kölerkin», ikinjisi bolsa goşun başlygy – “subaşy” diylip atlandyrylypdyr. Ýabgularyň möhürlerini we permanlaryny «tugrag» («tugra») diyip atlandyrypdyrlar. Döwlet işlerini oguzlar ýygnaklar geçirip, geňeş arkaly çözüpdirler. Oguz türkmenleri özleriniň süri-süri goýun, at, düýe ýaly mallaryny Merkezi Aziýa sähralyklarynda bakypdyrlar. Oguz goýunlary guýrukly, örän semiz bolupdyr. Şonuň bilen birlikde olar bagana almak üçin garaköli goýunlaryny hem saklapdyrlar. Olaryň bir we ikiörküçli düýe sürüleri hem-de ýerli ýagdaýa çydamly gylýallary bolupdyr. Şäherlerde, obalarda ýaşaýan oturymly ilat iri şahly mallary hem saklapdyr. Oturymly ilaty «ýatyk» diyip atlandyrypdyrlar. Olar ekerançylyk, balyk tutmak bilen birlikde senetçiligiň dürli görnüşleri bilen hem meşgul bolupdyrlar. Oguzlar, esasan, ýüň önümlerini ýokary hilde taýýarlapdyrlar.

Türkmenleriň öndürýän ak keçeleri, halylary, kilimleri dünýä belli bolupdyr. Oguzlar keçeden, gaýyşdan ädik tikipdirler. Olaryň dokan matalaryna bolan isleg dünýä bazarynda has artypdyr. Oguz türkmenleri zergärçilik bilen hem meşgul bolupdyrlar. Oguz türkmenleriniň durmuşynda söwda esasy meseleleriň biri bolupdyr. Oguz serkerdeleriniň goňşy ýurtlar bilen dartgynly ýagdaýda bolmagyna garamazdan, Ýedisuwuň boýunda ýaşaýan garlyk türkmenleri we Horezmiň, Mawerannahryň ilaty bilen söwda gatnaşyklary bolupdyr. Horezmden oguzlaryň paýtagty Ýaňykende gämi bilen galla getirilipdir. X asyrda oguzlar bilen söwda edilýän esasy söwda merkezleriniň biri Syrderýanyň orta akymynda ýerleşýän Sauran şäheri bolupdyr. O1 ýere dürli ýurtlardan täjirler gelipdirler. Türkmenler bilen söwda etmek üçin Balaj, Isfijap, Beruket ýaly şäherler söwda merkezi bolupdyr. Ýedisuwda ýerleşýän Isfijap şäherine gündogar musulman ýurtlarynyň hemmesinden diýen ýaly täjirler öz harytlaryny söwda etmek üçin getiripdirler. O1 ýerden bolsa türkmenleriň ýüň önümlerini, goýun, geçi, et we başga dürli maldarçylyk önümlerini äkidipdirler. Oguz türkmenleriniň harytlary Mawerannahryň üsti bilen Hytaýa, Hindistana, Horezmiň üsti bilen bolsa Eýrana, Kiçi Aziýa äkidilipdir. Oguz türkmenleri söwdany haryt çalşygy we pul görnüşlerinde edipdirler.

Oguzlar özleriniň jemgyýetçilik gurluşlary boýunca 24 taýpadan ybarat bolup, döwleti taýpa birleşigi boýunca edara edipdirler. Atlandyrylan taýpalar hem ika bölünip, sag ganatynda 12 taýpa bolup, olara «bozok», çep ganatynda hem 12 taýpa bolup, olara «üç ok» diýlipdir. Her taýpanyň ýolbaşçysy «beg» derejesini göteripdir. Döwleti edara etmäge emeldarlar şol taýpalaryň asylzadalaryndan seçilip alnypdyr. Beýik oguz türkmen döwletiniň ýabgularynyň, emeldarlarynyň kimler bolandygy barada taryhy maglumatlar ýetmezçilik edýär. Beýik oguz türkmen döwleti içki we daşky garşylyklar sebäpli, X asyryň ahyrynda XI asyryň başynda synyp, öz möwritini ötüripdir.

Degişli makalalar

Maslahata Gatnaşyjylar Halkara Sport Kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň Resminamasy Hökmünde Ähmiýetini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

38 Belgili Aýakgap

Hyrat Şäherinde TOPH Taslamasyny Wagyz Etmek Barada Maslahat Geçirildi

syrach