19.9 C
Aşkabat
19.04.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Bilýard Boýunça Aşgabat Şäheriniň Birinjiligi Geçiriler

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi we Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasynyň guramagynda bilýard boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçiriler.

2020-nji ýylyň 29-30-njy aprelinde geçiriljek bu ýaryş Aşgabat şäheriniň «Älemgoşar» bilýard merkezinde guralar.

Bu birinjilikde Aşgabat şäheriniň we bilýard federasiýasynyň türgenleri bilýard sportunyň «Kombinirlenen piramida» atly görnüşi boýunça özara güýç synanyşarlar.

Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenlere Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasynyň sowgatlary gowşurylar.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Stambulda Futbol Bäsleşigi Geçirildi

syrach

Howanyň Üýtgemegi Boýunça Milli Strategiýany Täzelemek Babatda Iş Alnyp Barylýar

Ýeňiş Güni Mynasybetli Dabaralaryň Fotosuratlary