21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Brent Nebitiniň Bahalary 2015-nji Ýyldan Bäri Ilkinji Gezek Barrel Üçin 57 Dollardan Geçdi

Brent Nebitiniň Bahalary 2015-nji Ýyldan Bäri Ilkinji Gezek Barrel Üçin 57 Dollardan Geçdi

Duşenbe güni söwda geleşikleriniň barşynda nebitiň dünýä boýunça bahalary ösüşini az-kem togtatdy. Bu şenbe güni OPEC hem-de OPEC-e girmeýän birnäçe döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça gtarnykly ylalaşyk gazanandyklary bilen baglydyr. Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň bahalary öňräk 2015-nji ýylyň 21-nji iýulyndan bäri ilkinji gezek bir barrel üçin 57 dollar möçberinden geçdi. Muňa söwda geleşikleri şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär.

OPEC 30-njy noýabrda geçiren mejlisinde nebit çykarylyşyny günde 1,2 million barrele – 32,5 million barrele çenli azaltmagy ylalaşdy we şenbe güni bu meýillerini tassyklady.

«2017-nji ýylyň başynda nebit çykarmagy çäklendirmek boýunça ylalaşyk güýje giren wagtyndan nebit bazarlary teklip bolçulygyndan onuň ýetmezçiligine geçer. Nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC tarapyndan yglan edilen möçberi hasaba alsaň, biziň pikirimizçe, 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda nebit bazarlarynda günde 0,8 million barrel möçberde teklip ýetmezçiligi peýda bolar» diýip Reuters agentligi AB Bernsteiniň bilermenleriniň aýdanlaryny getirýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Birža Täzelikleri

Nebitiň Bahasy Arzanlamadan Soň Gymmatlap Başlady