15.01.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Brýusselde «Türkmenistan-ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň Nobatdaky Mejlisi Geçirildi

Brýusselde «Türkmenistan-ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň Nobatdaky Mejlisi Geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Hyzmatdaşlyk we söwda Ylalaşygynyň çarçuwasyndaky «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Brýussel şäherinde iş sapary bilen boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugyndaky ÝHHG-niň boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy jenap Lýuk Dewin ýolbaşçylyk etdi. Başga-da maslahata Daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugynyň, söwda, yalkara hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça baş departamentleriniň wekilleri hem-de Merkezi Azioýa ýurtlary boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekiliniň edarasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugry boýunça pikir alyşdylar. Hususan hem, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaý, Türkmenistanda konstitusiýa we durmuş özgertmeleri, ÝB-niň tehniki taslamalarynyň we maksatnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilmegi, energetika taslamalary, türkmen gazynyň Ýewropa iberilmeginiň mümkinçilikleri, ÝB-niň howpsuzlyk ulgamyndaky «KADAP» we «BOMKA» taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra taraplar, «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň 2017-nji ýyldaky nobatdaky 17-nji mejlisini Aşgabatda geçirmegi ylalaşdylar.

Degişli makalalar

Aşgabatda Özbegistanda Öndürilen Oba Hojalyk Tehnikalarynyň Tanyşdyrylyşy Boldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisini Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň Gubernatoryny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy