17.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Çagalar we Ulular Üçin Sport Eşikleri “Çeper” Tikinçilik Fabriginiň Çykarýan Önümleriniň Üstüni Ýetirdi

Çagalar we Ulular Üçin Sport Eşikleri “Çeper” Tikinçilik Fabriginiň Çykarýan Önümleriniň Üstüni Ýetirdi

Daşoguzyň bu kärhanasynda ýurdumyzyň bazarlarynda islegli Aziada-2017-niň nyşanalry bolan ulular we çagalar üçin sport eşikleriniň çykarylyşy ýola goýuldy. Ýerli dizaýnerleriň taýýarlan nysgalary gelşikliligi, dok dürli reňkleri , ýokary hili we elýeter bahasy bilen tapawutlanýar.

Golaýda kärhana Jemagat hojalygy ministrliginiň bölümleriniň üşgärleri üçin ýörüte iş eşigini tikmäge tabşyryk aldy, olar geljekki “Aşagabat 2017” Oýunlaryna çekiler. Kärhananyň hünärmenleriniň taýýarlan nusgalary oňaýly we gelşiklidir. Ony tikmekde ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli mata ulanyldy.Olar dürli reňklidir. Zenanlar üçin žaketler, halatlar we ýaglyklar, erkekler üçin bolsa, žaketler, jalbarlar we papaklar taýýarlanyldy.

Sebitiň iň baýry kärhanalarynyň biri bolan bu fabrik toplumlaýyn düýpli durkuny täzeleýiş işleri geçirilmegi netijesinde ol ýokary öndürijilikli döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Tikinçileriň we bazary öwrenijileriň hünärine ussatlygy alyjylar bazarynyň talabyna görä haryt çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda kärhanada eşikleriň, düşeklikleriň we hojalykda ulanylýan matalaryň ýüze golaý görnüşi öndürilýär. Şu ýyl çagalar we ulular üçin eşikleriň, şol sanda gyzjagazlar üçin köýnekeriň, erkekleriň žaketleriniň, sport eşikleriniň, trikotaž we beýleki önümleriň täze birnäçe nusgalary taýýarlanyldy we köpçülikleýin öndürilip başlandy. Şu ýylyň ýedi aýynda üç million manatlykdan gowrak tikinçilik önümleri çykaryldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlaryna Giňişleýin Taýynlyk Görülýär

7-nji Tapgyryň Çäginde “Köpetdag” “Merwden” Üstün Çykdy

«Türkmennebit» DK-niň we «Tatneft» JPJ-niň Arasynda Wideomaslahat Geçirildi

turkmenhabargullugy