24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz baýramy giňden bellenip geçiler. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu halkara baýramynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy martdaky dynç gününi 20-nji martdaky duşenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekip, Milli bahar baýramynyň üç günüň dowamynda giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy.

Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň 2023-nji ýyla çenli döwür üçin baş ýörelgesiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylýandygy habar berildi.
Bu resminama ýurdumyzyň baý mineral serişdelerini toplumlaýyn we rejeli ulanmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini guramak, daşary ýurt maýalaryny çekmek maksady bilen işlenip taýýralanylar. Onuň taslamasynda ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

Ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobol ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada habar aýdyldy. Täze awtomobil ýoly Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanyp, Ahal welaýatynyň, Balkan welaýatynyň çäklerinden geçer. Bu ýoluň ugrunda ýangyç guýujy beketleri, dynç alyş merkezlerini, dükanlary, restoranlary, açyk we ýapyk görnüşli awtoduralgalary, myhmanhanalary, hyzmat ediş bölümlerini gurmak meýilleşdirilýär. Ýoluň ugruny öwrenmek boýunça geologiýa-gözleg işleriniň alnyp barlandygy, ýurdumyzyň ýer gurluşynyň, toprak we howa şertleriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýoluň taslamasynyň düzülendigi, zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek üçin kän hojalyklaryny hem-de önümçilik binýatlaryny döretmek boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilendigi aýdyldy.

Sarahsda Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi. Uzynlygy 96 metre we ini 15 metre barabar bolan köpri bir gije-gündiziň dowamynda 2000-e çenli awtoulag geçirmäge ukyplydyr. Häzirki döwürde köpriniň diregleri doly taýýar edildi, olaryň üstüne guýma betonlary guýmak işleri hem-de köpriniň her tarapynda uzynlygy 500 metr bolan awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri, bu awtomobil köprüsine barýan umumy uzynlygy 105 kilometr bolan Tejen-Sarahs awtomobil ýoluny düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni döredildi. Täze hünär baýramy her ýylyň 7-nji martynda – Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyp, ulanmaga berilen güni belleniler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ady “Türkmenhowaýollary” gullugy diýlip üýtgedildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň raýat awiasiasynyň işini kämilleşdirmek we ony dolandyrmagyň düzümini halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hususyýetçiligi ösdürmäge döredýän has amatly şertleriniň döredilýändigini belläp, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlaryna ugratmagyň täzeçil ýollaryny gözlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Habar berlişi ýaly, elektron enjamlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri çözmek maksady bilen, Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze zaman gurluşykçy” hususy kärhanasy bilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti esaslandyryldy. Önümçilikde ýerli serişdeleriň esasynda alnan esasy çig malyň 80 göterimine golaýynyň ulanylmagynyň meýilleşdirilýändigini nazara alanyňda, önümleriň bahasy arzan we elýeterli bolar.

Bellenilişi ýaly, wise-premýer Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy düzüldi. Her ýylda 7-nji aprelde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýie-sport we medeni-sagaldyş çäreleri guralýar. Şu ýyl şanly sene mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” sport toplumynyň açylyş dabarasy we “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly maslahat we sergi geçiriler.

Şeýle hem milli Liderimiziň bellikleri nazara alnyp Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taýýarlanylan nyşanlary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Aziýa oýunlarynyň alabaýy şekillendirilen tumarynyň görkezilen görnüşlerini düýpli tankyt etdi. Biz Aziada gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň sport ýaryşlaryna tomaşa etmekleri bilen bir hatarda olaryň halkymyzyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary, asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýän milli ýörelgelerimiz, ahalteke bedewleri, alabaýlary we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşmaklary üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döretmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýewe berk käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Aziada-2017-niň esasy tumaryny has-da kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşanlaryň ünsüni ýaşlaryň, aýratyn-da, mekdep ýaşlaryndan başlap, körpe nesilleriň kompýuter sowatlylygyny netijeli işjeňleşdirmegiň zerurdygy bilen baglanyşykly meselelere çekdi. Ýaşlaryň ösüşine görä, olaryň kompýutere erk etmek derejesi hem ýokarlanmalydyr. Munuň özi häzirki zamanda adam üçin zerur bolan başarnyklaryň iň möhümleridir diýip, hormaly Prezidentimiz belledi we ýaşlaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, programmalaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmekleri ugrunda zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. Häzirki döwürde ak ekinlere ösüş suwuny bermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlara garşy göreşmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara oba hojalyk önümlerini eksport etmegi guramagyň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, goňşy ýurtlarda önüm ýerlemäge ägirt uly bazarlar bolup, olaryň doly derejede we uzak möhletleýin esasda ýerine ýetirilmegi zerur bolup durýar.

Pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin obasenagat toplumynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň düzümleriniň gysga möhletlerde üýtgedilmeginiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini esasan daýhan birleşikleriniň öndürýändigini, olaryň bolsa köpüsiniň netijeli işlemeýändiklerini belledi. Hormatly Prezidentiimz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi. Wise-premýere birnäçe tankydy bellikleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň depginlerini ýokarlandyrmagy, ýerleriň hakyky eýelerini tapmagy, häzirkizaman tehnologiýalyry, şol sanda suwdan netijei peýdalanmak, tohumçylyk işlerini ösdürmegi berk talap etdi.

Mejlisde şeýle hem 20-nji martda geçiriljek Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň 19-njy maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirkizaman tehnologiýalary bilen işlemek başarnyklaryny ele almalydyklaryny belledi.

Degişli makalalar

Dalaşgär Meretdurdy Gurbanow Aşgabatda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

Täsin Bagyň Bagbany