18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Çagalary Goramagyň Halkara Güni Mynasybetli Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Sergi Guraldy

Çagalary Goramagyň Halkara Güni Mynasybetli Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Sergi Guraldy

Ir säher bilen muzeýiň ýanyndaky „Akpamyk“ mekdep-studiýasynyň okuwçylary asfaltda çagalar suratlarynyň bäsleşigini geçirdiler. Olar reňkli hekler bilen muzeýiň girelgesiniň ep-esli ýerine surat baryny çekdiler. Ýaş nakgaşlaryň çeken suratlary esasan Aziada-2017-ä bagyşlandy. Çagalar diňe bir surat çekmäge ökdeligini däl, eýsem Oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň nyşanlaryna-da beletdiklerini görkezdiler.

Muzeýiň içinde hem özgerişler boldy. Abadan etrabynyň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri goýlan esasy zal bagtyýar çagalygyň nyşany bolan dürli reňkli şarlar bilen bezelipdir. Ýaşajyk nakgaşlaryň suratlarynda sahawatly tebigatymyzyň datly miweleri çekilen natýurmortlar, ak mermere bürenen Aşgabdyň keşbi, reňbe-reň güller şekillendirilipdir, olaryň aglabasy geljekki V Aziada bagyşlanypdyr.

Muzeýiň ikinji gatynda tanymal türkmen nakgaşlarynyň Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlan eserleriniň sergisi guraldy. Ony Gennadiý Babikowyň “Güller“ atly eseri açýar. Gülläp oturan gül çugdamynyň aňyrsynda aladasyzja çagalar oýnap ýör. Güller şadyýanlygy, çagalar bolsa geljegimizi aňladýar. Hut şonuň üçinem şadyýan geljegimize bagyşlanan sergi bilen tanyşlyk şu eserden başlanýar.

Çary Öwäýewiň „Gulbaba“ eseri sergide goýlan şowly işleriň biridir. Şirin labyzly Gulbaba öz zehini bilen diňe bir Türkmenistany däl, eýsem Moskwany hem aňk edipdi. Geljekde uly bagşy bolmaly oglanjygyň ömri, arman, gysga ekeni. Onuň hatyrasyna Gulbaba adyndaky çagalar baýragy-da döredildi, ol zehinli bagşylara we toparlara berilýär. Çary Öwäýew ony eli dutarly şekillendiripdir. Eseriň düşeginiň goýy gyzyl reňkde berilmegi milli žiwopis mekdebiniň tilsim özboluşlylygyny görkezýär.

Göreniň göwnüni galkyndyrýan işleriň ýene biri Türkmen döwlet Çeperçilik akademiýasynyň birinji ýyl talyby Azat Rejebowyň „Bagtyýar nesil“ diýen işidir. Çagalaryň bäşisi belent baýyrdan paýtagtyň gözelliklerine syn edýärler. Nakgaş olaryň dördüsini arka tarapyndan, birini bolsa tomaşaçylara şadyýan bakyp duran şekilde beýan edipdir. Surat nurly, Gün şöhleli, päkize howaly. Ol mähir we çagalaryň geljeginiň japlygyna ynam döredýär.

Zehinli talyp sungatda, şol sanda žiwopisde baý däpleri bolan Hytaýda okuwyny dowam etmäge mümkinçilik aldy.Onuň döredijiliginiň muşdaklary Azadyň gaýry medeniýetiň syrlaryny özleşdirip Watana dolanyp gelende döretjek ajaýyp eserlerine garaşýarlar.

Sergide şeýle hem eneler, maşgala däpleri, çaga oýunlarydyr arzuwlary barada eserler-de bar.

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Garlykda Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Açdylar

Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi.

syrach

Gökderede Şekillendiriş Sungaty Muzeýi Suratkeşleriň Sergisini Gurady

syrach