04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Çeperçilik Muzeýinde Döwlet Baýdagynyň Gününe Bagyşlanan Talyplaryň Işleriniň Sergisi Açyldy

Çeperçilik Muzeýinde Döwlet Baýdagynyň Gününe Bagyşlanan Talyplaryň Işleriniň Sergisi Açyldy

Köpugurly sergide Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň žiwopis,grafika, keramika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk we zergärçilik işleriniň ýüzden gowragy görkezilýär. Çeper ýordum laryň gahrymanlarynyň arasynda tanymal taryhy şahsyýetler, şadessanlaryň gahrymanlary, şeýle hem döwürdeşlerimiz bar.Kärine ýaňy gadam basýan ýaş žiwopisçileriň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň tilsimdir žanr babatda köpdürli eserleri olaryň hersiniň öz döredijilik garaýşy bilen daş-töweregimizi gurşap alýan dünýäni çeper beýan edişlerini görkezýär.

Ýaşlaryň döredijiliginde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan 500 günlük atly ýörüş aýratyn orun eýeleýär.

Uly möçberli sergide häzirki günlerimiziň üstünlikleri, medeni däpleriň dowamatlylygy, dogduk ülkäniň gözelligi öz beýanyny tapypdyr. Işleriň birnäçesi şäherdir obalaryň keşbini özgerden binalara bagyşlanypdyr. Sergide goýlan işleriň aglabasy Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasyna giren eserlerdir.

Degişli makalalar

Türkmenistan – BMG: Ilat Gaznasy Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

turkmenhabargullugy

Harby Gulluk Hakynda Köp Soralýan Soraglar we Jogaplar

turkmenhabargullugy

Ýylyň Parlak Ýyldyzy-2018 Fotosuratlary

turkmenhabargullugy