15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Üstünlige Ýetmek Biziň Öz Elimizde!

Dogry, üstünlige ýetmeklik aňsat däl bolmagy mümkin. Ýöne onuň üçin ilkinji nobatda özüňe bolan ynam gerek, ýagny, haýsy hem bolsa öňüňde goýan maksadyňa ýetmeklige bolan ynam. Adamyň durmuşda her bir ýetjek bolýan menzilleriniň aňrysynda üstünlik bar. Göz öňüne getirip gördüňizmi?! Tutuş adamzadyň ömri üstünlige ýetmek üçin sarp edilen gymmatly wagt ahyryn. Biz hemişe durmuşda nämedir bir zatlary başaryp bilýändigimizi subut etmek üçin göreşýäris. Hatda, kiçijek ýüregimizde şeýle bir ullakan umydyň ýaşaýany üçin şowsuzlyklaryň biziň ýolumyzy baglan mahaly hem yza tesmek islämizok. Ýetjek bolan arzyly pelläňize bolan gorky dörände, ony özüňizden daşlaşdyrjak bolup synanyşdyňyzmy? Başgalaryň goldawyna mätäç boldugyňyzça, täk öz başarnygyňyz bilen ýetmek islediňizmi şol üstünlige?!
Eger şeýle duýgular başyňyzdan geçip gören bolsa, onda umytdan düşmäň, sebäbi siz üstünlige ýetip barýarsyňyz!
Eýsem, şu zatlaryň özi üstünlik dälmi?! Siz eýýäm şol üstünlige ýetmek üçin göreşen pursatlaryňyzda ynamyň, umydyň, maksadyň, yhlasyň nämedigine düşünip bilen bolsaňyz, mundan uly üstünlik barmydyr?! Ykbalyňyza peşgeş berlen ýekeje ömrüňizi peýdaly geçirip bilseňiz- ýüregiňiziň näme duýup bilýändigini, näme üçin ýaşaýandygyny, iň bolmanda yhlas bilen başlanan işiň şowly tamamlanýandygyny her ädimiňizde görüp bilýän bolsaňyz, diýmek, siz üstünligiň syrlaryny ýüregiňizde göterip bilýän adamsyňyz.
Men size öz durmuşym hakda birazajyk gürrüň bereýin. Belkem, siz üçin gyzykly däl bolmagy ahmal. Ýöne meniň maksadym-üstünligiň syryny siz bilen paýlaşmak. Meniňem hut, siziňki ýaly üstünlige ýetmek üçin kän göreşlerden yza tesmedik, hemişe üstünlige ynanyp, geljegiň altyn açaryny gözläp ýören kiçijek ýüregim bar. Şol ýüregimi diňläp, men juda kän zatlary başardym. Men çagalykdan kitap okamagy diýseň söýýärdim. Ynanýarsyňyzmy?! Hatda, kitap meniň iň ýakyn dostum boldy. Gijelerine penjiräniň öňünde oturyp, öçügsije ýanýan çyranyň astynda meniň üçin kitap okamak örän gyzyklydy.Çagalyk döwrümde bir ullakan maksat goýdum. Talyp diýen ada eýe bolmak üçin kän kitaplaryň sahypalaryny köneltdim. Ýüregimde düwen maksadyma ýetmek üçin ylgadym, her ýapyşan işimi üstünlik bilen tamamlamak isledim. Iň aýgytly ýerem, şol arzuwma ýetmek üçin henizem göreşip ýörün. Yzly-yzyna 4 gezek synagdan ýykylyp, Talyp adyny alyp bilmezligim ilki maňa umytsyz durmuşda ýaşamaga mejbur etdi. Sizem käte başlan işiňiz şowly bolmasa, ykbalyňyzdan nägile bolup, gijelerine ýalňyzlykda aglap gördüňizmi? Özüňizden öňde hut, siziň ýetmek islän maksadyňyza ýetenleri görüp, olaryň eden yhlaslarynyň nä derejededigini görmedik halyňyzda-da , ýüregiňizde şolara bolan basdaşlyk duýgusyny oýaryp gördüňizmi?! Durmuşda adalat ýok diýip, köpleriň öňünde öziňizi aklamana çalyşdyňyzmy?! Eden yhlasym ýerne gowuşmady diýen pikirde ýaşap gördüňizmi?! Menem öň şeýle pikirlerde ýaşapdym. Ýöne bu pikirler düýbünden ýalňyş pikirler eken. Ynanaýyň, bu ýalňyşlyklaryň ilkinji sebäbi-özümiz. Gowşak tutan yhlasymy ýaşyryn saklap, ony hamana iňňe bilen guýy gazan ýaly edip mahabatlandyrdym. Hatda, ýüregimden hem gizläpdirin şol gowşak yhlasymy. Özümi hemmelerden başarnykly hasaplap, ulumsylykdan asmana ýetäýjek bolýardym. Şol sebäpli hem ýalňyşdym. Ýöne menden bu pikirler düýbünden aýryldy. Men indi özüm üçin niýetlenen ýoldan barýaryn.Ýüregimde ynamy direldip, gorkyny sogrup aýran, arzyly pelläme ilkinji ädimleri täzeden ätmäge ýollan Beýik Taňryma müň şükürler bolsun! Men özümiň üstünlige ýakynlaşanymy duýup başladym. Ejizlän günlerimiň birinde gazet sahypalaryndaky üstünlik hakdaky kiçijek ýazgyny görenimden soň, durmuşa bolan höwesim hasam artdy!

Üstünlik üçin gerek 10 zat:

1. Jogapkärçiligi al
2. Gorkyny aýyr
3. Maksat goý
4. Meýilnama düz
5. Hereket et
6. Işiňi dolandyr
7. Üstünlige ynan
8. Doga oka
9. Gatnaşyk sakla
10. Özüňi ösdür.

Ine, şu 10 sany üstünligiň syrlary durmuş ýolumda hemişe goltgy boldy. Belki, bularyň size-de peýdasy deger. Çünki, üstünligiň biziň öz elimizdedigi hakykat. Aşa gabardyp aýtýandyryn öýütýärsiňizmi?! Ýok, beýle däl. Muňa siziň özüňizem göz ýetirip bilersiňiz. Üstünlige ýetjek bolan günlerimiň her bir sagadynyň nähili agyr geçendigini siz bir bilsediňiz. Näçe kemsidilmelere, üstümden gülmelere dözmeli boldum. Siz bilen bir kiçijek syrymy paýlaşaýynmy?! Şol kynçylyklaryň toruna düşüp, men juda ejizläp başladym. Üste-üstüne ýolumy tümlügem baglady, üstünlige barýan ýolumyň ýitmegine günäkär ýaly, ykbalymdan öýkeledim. Kimdir birleriniň elimden tutup, geljegime alyp gitmesini isledim. Ýöne gynansagam, hiç kim meniň ýanyma gelmedi. Meni şol tümlükden kim çykarandyr öýtýärsiňiz?! Şonda tümlügiň içinde bir kiçijek yşyk peýda boldy. Onuň ady “Umytdy”.Diňe şol meniň ýoluma ýagty saçdy. Men geljegime barýan ýoly saýgaryp bildim. Hatda, ynamyň hem käbir bölejikleri meniň ýüregime ilteşipjik galypdyr. Şo pursat näme üçindir men diňe şol saýlan ýolumdan gitmek isledim. Hemişe ýüregimde umyt ýaşady. Men ýuwaş-ýuwaş sabyrly bolmany öwrendim. Üstünlige ýetmäge bolan ynamymyň ýüregimi gürsüldetmesi meni geljege alyp barýar. Okaýan kitap sahypalarymyň sany öňküsinden artyp başlady. Şol tanyş yhlaslar ýene meni öz dünýälerine kabul etdiler.
Şu ýerde, ýene bir zady ýatdan çykardyk. Wagt. Wagt-biziň ömrümizi ölçeýän enjam. Ol şeýle bir tiz geçýär welin, biz onuň nädip geçýändigini hem görüp ýetişemizok. Iň gynançly ýerem, wagty yza dolap bolanok. Şonuň üçin wagtyka geliň, göreşeliň! Geliň, öz maksadymyza ýetjek bolalyň, üstünligiň açmasy kyn bolan gapysyny açjak bolalyň! Gorkýarsyňyzmy?! Ýok, beýtmeli däl. Şol dälmi biziň şowsuzlyklarymyza sebäp bolýan?! Biz özümize ynanmaly. Nämedir bir zady duýup bilmegem bize iň wajyp zatlaryň biri. Üstünlige ýetmek isleýändigiňizi duýup bilýärsiňiz gerek?! Hut, şu wagt hem üstünlige ýetmek isleýärsiňizmi?! Onda durmuşa höwesli boluň! ” Şu günüm boş otursamam geçýär-le” diýen düşünjäni aýyryň. Nämedir bir zatlar başarjak boluň. Höwessiz ýaşamany bes ediň, höwes bolmasa yhlas edip bilmersiňiz. Her bir başlan işiňizi höwes bilen edip görüň, şonda näçe kynam bolsa, tiz wagtda şol işiňiziň nädip hötdesinden gelip bilendigiňize haýran galarsyňyz. Iň esasam, üstünlige ýetmek üçin üstünlige islendik adamyň ýetip biljekdigine ynanyň! Ine, menem şol üstünligime ýetmek üçin täze- täze basgançaklara münüp başladym. Nesip bolsa, bir gün öňümde goýan arzyly üstünligime ýeten pursadym men siz bilen şatlygymy deň paýlaşaryn. Häzirlikçe bolsa, biz yhlas edeliň we diňe ýüregimizi diňläliň, ýüregimizi päk saklap, öz geljegimiz üçin özümiz göreşeliň.

Çünki, ÜSTÜNLIGE ÝETMEK BIZIŇ ÖZ ELIMIZDE!

Amandursun Annanazarowa,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy.

Çeşme: Atawatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmen Arhitektorlary Halkara Bäsleşikleriniň Üçüsine Gatnaşdylar

Dalaşgärleri Bellige Almak Dowam Edýär

syrach

Agrar Ýokary Okuw Mekdebiniň Talyplary German Oba Hojalyk Tehnikalarynyň Öndürilişiniň Tehnologiýasy Bilen Tanyşdylar